https://owrenmeli.app/27550-.html#comment
awesome
17.07.2022 22:54
Pähimler
Öwrenmek hem wagty gelende, özleşdiren zatlaryňy işde peýdalanmak — eýsem bu ajaýyp dälmi! Alysdan gelen dostuň bilen söhbetdeş bolmak — eýsem bu şatlyk dälmi! Iliňde öz derejäňe laýyk baha berilmänine nadyl bolmazlyk — eýsem bu mertebäňi beýgeldýän zat dälmi!
* * *
Asylly adam bol iýip, baý ýaşamaga ymtylýar. Ol işine çulum, emma az gepli bolýar, päk ahlak-ly adamlar bilen gatnaşyk saklap, öz ýetmezini düzedýär.
* * *
Kim könä ýüzlenip, täze zat açmany başarýan bolsa, şol mugallym bolmaga mynasypdyr.
* * *
Diňe hakyky adamkärçilikli adam söýmegi hem ýigrenmegi başarýar.
* * *
Irden hakykata göz ýetirip, agşam öläýeňde-de, haýp däl.
* * *
Asylly adam — il aladasy, pes adam öz gaýgysy bilen ýaşaýar.
* * *
Päk ahlakly adam ýalňyz bolmaz. Onuň töwereginde hökman özi ýalylar tapylar.
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Meniň ähli tagallam puç bolup barýan ýaly. Şu wagta çenli men öz ýalňyşyny bilibem, şoňa müýnürgeýän adama duşmadym».
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «lslendik obadaky on öýüň birinde arassa ahlaklylyk babatda menden pes oturmaýan adama gabat gelse bolar. Ýöne okuwa, bilime teşnelikde meniň bilen deňleşip biljegi tapmarsyňyz».
* * *
Hakyky adam ähli zada öz tagallasy bilen ýetýär.
* * *
Meniň maksadym — hakykat, kömekçim — päk ahlak, daýanjym — adamkärçilik, kalbyma basalyk berýän zadam — sungat.
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: "Tapanyňy iýseň, çeşme suwundan teşneligiňi gandyrsaň, kelläňi elleriň üstünde goýup ýatsaň — bularyň hersiniň özüne ýeterlik şatlygy bar. Başga hili ýol bilen gazanylan baýlyk, ýetilen meşhurlyk — meniň üçin asmanda gaýyp ýören bulutlar ýaly bir zat!»
* * *
Bary-ýogy iki adam bilen otyrkamam, men olardan öwrenere zat taparyn. Gowy häsiýetlerden görelde alaryn, ýaramaz häsiýetlerden gaçarak duraryn.
* * *
Bir talyp mugallymyndan ruhlary nähili hormatlamalydygyny sorapdyr. Mugallym oňa: «Sen entek adamlara gulluk etmäni oňarmaýan halyňa, ruhlary nähili hormatlajak?» diýip jogap beripdir. Talyp ýene ondan ölümiň nämedigini sorapdyr. Mugallym şeýle jogap beripdir: «Entek ýaşaýşyň nämedigini bilmeýän adama ölümiň nämedigini nädip düşündireýin?»
* * *
Gadymy adamlar kämilleşmek üçin okapdyrlar. Häzirkiler ili geň galdyrmak üçin okaýarlar.
* * *
Gürleşeniňe degýän adam bilen gürleşmeseň, ony ýitirdigiňdir. Gürleşeniňe degmeýän adam bilen gürleşseň, sözüň ýele gitdigidir. Akylly kişi adamlaram ýitirmeýär, sözünem.
* * *
Alys geljekde ýüze çykmagy mümkin kynçylyklar hakynda pikir etmeýän adam ýakyndaky näsazlyklara büdreýär.
* * *
Ownuk zatlarda özüňi saklap bilmezlik — uly işleriň ýoguna ýanýar.
* * *
Asylly adam ömründe üç zatdan gaça durmaly: güýji dyňzap duran ýigit wagty — yşkbazlykdan, kämillige ýeten wagty — bäsdeşlikden, garrylyga ýetip, güýç- kuwwaty azalan wagty — gysgançlykdan.
* * *
Asylly adam borjuny ähli zatdan ýokarda goýýar. Borjuny unudan, ýöne edermen asylly adam topalaňça ýakyn. Borjuny ýadyna salmaýan, edermen, emma pes adam talaňçylyga ýykgyn eder.
* * *
Aýallar we pes gylykly adamlar bilen dogry gatnaşygy ýola goýmakdan kyn zat ýok. Özüňe golaýlaşdyrsaň-a, olar bihaýalyk edýärler, daşlaşdyrsaňam ýigrenýärler.
* * *
Asman bilen Ýer biri-birinden alysda bolsalaram, edýänleri şol bir iş.
* * *
Ýaý atmak bize hakykaty nähili gözlemelidigini öwredýär: eger kemançynyň peýkamy nyşanadan sowa geçse, ol munuň üçin başgalary däl-de, özüni günäkärleýär.
* * *
Azajygam bolsa, hoşniýetli bolmaga çalşyň. Şonda başga hili gylyklardan ara açarsyňyz.
* * *
Juda akyllylara hem aňrybaş lara hiç zat öwredip bolmaýar.
* * *
Kyrk ýaşyna çenli özi hakynda diňe ýaramaz pikir döreden adamyň soň düzelerine umyt etme.
* * *
Çyny bilen islän halatynda, asylly adam bolmagy hemme kişi başarar.
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Ýüpüne odun goýup bolmaýan ygtybarsyz adam bilen nähili iş salyşjak? Bu oksuz arabany sürjek bolan ýaly dälmidir?»
* * *
Asylly adamyň kalby asuda bolýar. Hemişe alakjap ýörmek pes adama mahsus.
* * *
Asylly adam hemmeler bilen ylalaşyp ýaşaýar. Pes adam bolsa hemişe özüne kybapdaşy gözleýär.
* * *
Ýaşlara göwnüýetmezlik bilen garama. Geljekde olaryň akyllanyp, ajaýyp adamlar bolup ýetişmegi mümkin. Kyrk, elli ýaşaýança derekli iş başyny tutup, saňa goşulmadyk adam hormata mynasyp däldir.
* * *
Tertip-düzgünli ýurtda batyrgaý hereket et, batyrgaýam gürle. Şol zatlaryň ýok ýurdunda batyrgaý hereket etseňem, gürläňde seresap bol.
* * *
— Halky nädip özüňe tabyn edip bolar? — diýip, hökümdar Aýgun sorapdyr.
— Dogrulary beýgeldip, egrileriň gümüni çeken mahalyňda — diýip, Konfusiý jogap beripdir.
* * *
Özüňe islemeýän zadyňy özgä-de etme.
* * *
Adamy içgin synlaň, edýän işleriniň sebäbine göz ýetirjek boluň, dynç alýan wagtyndaky bolşuna-da esewan ediň. Şondan soňam ol siz üçin syrlylygyna galaýarmyka?
* * *
Gadym döwürde adamlar köp gürlemäni halamandyrlar. Olar bir zatlar söz berip, şonuň yzynda durmazlygy masgaralyk hasaplapdyrlar.
* * *
Özüňize berk daraň, talapkär boluň, özgelere geçirimlilik ediň. Şeýtseňiz, adamlar sizi ýigrenmezler.
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Men adamlaryň özüme däl-de, özümiň adamlara düşünmeýänim üçin gam çekýärin».
* * *
Biri: «Edepli ogul nähili bolmaly?» — diýip soranda, mugallym oňa şeýle jogap beripdir: «Häzir ene-atasyny aç-hor saklamaýan ogly edepli hasap edýärler. Ýöne itlerdir mal-garalara-da ýal, ot-iým berilýär-ä. Munuň daşyndan ene-ata hormat-sylagam bolmasa, bularyň tapawudy näme?»
* * *
Biri: «Hakyky adam nähili bolmaly?» — diýip soranda, mugallym:«llki göwnüne düwen işini berjaý edip, ol hakda soň gürleýän kişi hakyky adamdyr» diýip jogap beripdir.
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Asylly adam özgeleriň gowy işlerine goldaw berip, ýaramaz işleriň öňüni almaga çalyşýar. Pes adam bolsa munuň tersinedir».
* * *
Biri Konfusiden adamlary nädip özüňe tabyn etmelidigi hakynda maslahat sorap, yzyndanam: «Ýaramazlaň ýoguna ýanyp, ýagşylary özüňe ýakyn tutsaň, nähili borka?» diýipdir.
«Hökümdarlygyň çyn bolsa, öldürmek nämä gerek?» diýip, mugallym oňa ýüzlenipdir: — Özüňiz gowulyga ymtylsaňyz, halkam size görä bolar. Hökümdaryň gylyk-häsiýeti-şemal, halkyňky bolsa otdur. Şemal haýsy tarapa öwüsse, otam şol taýa gyşarar».
* * *
— Bütin obanyň gowy görýän adamy hakynda näme aýdyp bilersiňiz? — diýip, biri Konfusä ýüzlenipdir.
— Ol bolgusyz adamdyr.
— Onda bütin obanyň ýigrenýän adamyna garaýşyňyz nähili?
— Olam bolgusyz adamdyr—diýip, Konfusiý jogap gaýtarypdyr — Eger obadaky ýagşylar halap, ýamanlar ýigrenýän bolanlygynda, oňa gowy adam diýse bolardy.
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Asylly adam — özünden, pes adam bolsa ilden talap edýär».
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Eger adamlar kimdir birini ýigrenýän bolsalaram, onuň düýp sebäbine göz ýetirjek boluň».
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Danany göreniňde, oňa deňleşmegi arzuwla. Samsygy göreniňde, oňa meňzemezligiň çäresini agtar».
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Asylly adam gürlände howlukmasa-da, işini tiz bitirýändir».
* * *
Adamlar özleri üçin baýlyga hem şöhrata ymtylýarlar. Eger ikisine-de halal ýol bilen ýetip bolmaýan bolsa, olardan gaça durmak gerek...
* * *
Öwüt-pendiňizi öz nadanlygyna göz ýetirip, şoňa mätäç adama beri...
* * *
Asylly adamyň aň-düşünjesi giň, ruhy sagdyn bolmaly. Onuň ýüki agyr, ýoly uzak. Ol adamkärçiligi gerdeninde göterýär. Eýsem, bu ýeňil ýükmi?...
* * *
Hakyky adamkärçilik — özüňe erk etmegi başarmakdan ybaratdyr. Adamkärçilikli bolmak ýa-da bolmazlyk — bu her kimiň özüne bagly zat.
* * *
Özüne erki ýetýän, aýgytly hereket etmegi başarýan, ýönekeý hem az gepleýän adamy adamkärçilikli saýsa bolar.
* * *
Öýüniň eşretine baglanyp oturan kişini asylly adam hasaplamak ýalňyşdyr.
* * *
Ýeke-täk hakyky ýalňyş öz öňki ýalňyşlyklaryňy düzetmezlikdir.
* * *
Okanyňda — aň-bilimiň ýetmezliginden kösenýän ýaly duýgy hem öňki bilýänleriňem ýadyndan çykaýjak ýaly gorky bilen oka.
* * *
Özlerine hormat-sarpa goýýan hökümdary adamlaram sylaýar. Özüne hoşniýetli garalýanyny duýan halkyň işe yhlasam üýtgeşik. Gowulara goldaw, bisowatlara öwüt-nesihat berseniz, adamlaryň size ynamy artar.
* * *
Mugallym şeýle diýipdir: «Bilýäniňi bilýän, bilmeýäniňi bilemok diýmegiň özem bilimlilikden nyşandyr.» ©KONFUSIÝ
9
27