❤GÜLHANYYM❤
17.07.2022 21:15
Soñlanmadyk hat🖊


-Umyt sen tamañy üzäý,Tawusy öz daýzasynyñ ogluna durmuşa çykarýarlar.Toý sähedi hem bellendi.Özüñi gynama.

Sada,köne eginbaşyñ içindäki ak ýürekli oglan içini gepletdi:"Beýlede meniñ duýgularymy depelärsiñ diýip hiç wagt añymada gelmändir,hossarlarymyñ ýoklugy,pukaralygym,üstesinede sen...ne günleri görýärin men.Ykbal maña şeýle ýowuz daraýmalymy.Bir dem ejiz göwnim göterilmedi."

Umyt üçin dünýäniñ soñy gelene döndi.Indi geljegi üçin çynlaý göreşdi.Gyzyñ aýdan kemsindiriji sözleri "Näme üçin men üstün bolup bilmerin?Okamana gözlerim,ýazmana ellerim,eşitmäne gulaklarym,ýöremäne aýaklarym bar.Ençe sapar ýenjilen ýüregim hem urup dur"diýip,öz-özüne sorag berdi.Öñünde bir uly maksat goýdy we her gün şol maksadyna ýetmek üçin bir basgançak mündi.Öñler obanyñ oglanlary Umydy kän bir aralaryna goşman,gürrüñdeşem bolanokdylar.Gadyrlap beren salamyny alman,parhsyz geçip gitýän gyzlar hem bardy.Umyt her sapar ajy ýylgyryp oññaýýady.

Saçlaryny kiçelden,eşiklerini bir başdan täzelän oglan köpleriñ gözüne ilip başlady.Öñkülerine garanyñda az hem-de ýerlikli gürledi.Adam bedeni bilen içgin gyzyklandy.Bir okan kitabyny ikilenji sapar hem okap çykdy.Täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk gören Umyt uly ynam bilen synaglara gatnaşdy.Talyp bolmaga synanyşýan ýaşlaryñ içinden Umydyñ beren dogry,giñişleýin beren jogaplary mugallymlaryñ hem ünslerini çekdi.Gowy lukman boljakdygyna ynanyp,Umydy talyplyga kabul etdiler.

Gapdalyna gelen Umydyñ köp sapar"Tawus,Tawus"diýip ýüzlenmesi geçmişiniñ içine çümüp giden gelni çekip çykardy,tisginip gitdi.

-Bu gün men agşamky iş wagtyny öz üstüme aldym,sen arkaýyn ukyñy al,gyzyña özüm serederin.

Tawus "Bolýar"diýen äheñde başyny atdy.
Umyt iş otagyna ýöräp barýarka Tawus onuñ bir tarapyna agram berip ýöreýändigini,oñurgasynda bir agyrynyñ bardygyny duýdy.
Birdan başy aýlanan Umyt gapdaldaky tutawaçdan ysgynsyz halda tutdy...
10
74
unknown_12
17 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,Салам. Душундим👍
❤GÜLHANYYM❤
17 Iýul 2022
Perman.,Salam.Bar telimde welin dörüşdirmeli:)Jemläp goýaryn nesip bolsa...
unknown_12
17 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,сораг гоянокда бугунлер
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.