https://owrenmeli.app/27531-talyplarcom-bolan-waka.html#comment
Melikee
17.07.2022 14:05
Men Muhammet bilen internetde tanyşdym.Gije smenda ýatmajak bolup internede güýmenip otyrdym :
- A gyz , salam !
- Salam, biz tanyşmy ?
- Ýok, tanyşa-a däl.Ýöne mende sen çykdyň, kimkä diýip ýazyp gördüm.
- Hmm.
- Belki adyňyzy aýdarsyňyz !
- Leýla.
- Men Muhammetaly.
- Baýba, uzyn adyňyz bar eken, boldan goýlupdyr.
- Ha ha ha.Degişgenje gyz ekeniň.
- Bolşym şeýle.
- Nirden, okaýaňmy ýa işleýäň ?
- Men demirgazyk ummanyndan, bu töwerekden däl.Indem päsgel berme, men ertir.com - yň mowzuklaryny okajak.
- O nämaý ?!
- Burç bilen çörek tutup iýilýän zat.
- Dälimaý sen ?
- Howwa.
...Men Muhammet bilen günde kejeleşip hat alyp başladym.Bilemok nirden peýda bolanyn bu duýgyň, onuň bilen kejeleşmesem , ýüregim gysyp başlaýa.Men diňe oň bilen hat ýazyşýadym.Tanşanmyza bir aý bolmasada, oňa doly öwrenşdim.Aralygynda onuň içini gowy ýakyp , sogüşýän.Udalitde-udalit boluşýas, ýöne ýene ýaraşýadyk.
...Ine bir gün Muhammet jaň etdi.
- Leýlaş salam.
- Salam.
- Leýlaş men senden bir zat sorajak.
- Waý sora , näm boldy ?
- Hiç zadam bolonok.
- Aýt onda.
- Leýla , meni söýýäňmi ?
- Waý ýok, ha näme ?
- Ha bor onda sagbol - diýip trupkany goýdy.
Onuň habary ýokdy, men " Howwa söýýän " diýip aýdyp bilmändim.
Muhammet ýene jaň etdi :
- Leýla, söýmeseňem bu sözi owadanlap aýdyp bolýara, gönümel söýemok diýäýdiňle.
- Söýemok diýenime ynandyňmy ?
- Howwa ynandym.
- Seni söýdüm, görmesemde öz dogumlylygyň meni özüne çekdi.Sen bolsa ýüregim näme diýýänini duýmadyň - diýip menem trupkany goýdum.
Sensizlige öwrenşibem başladym,
Aklym çatýar, bolup geçýän zatlara.
Ýöne ýüregimi nädip yrmaly,
Ol garaşýar senden geljek hatlara..
Aramyza düwün düşdi.Bir güne golaý jaňyny almadym.Ahyry aldym :
- Leýla goýma trupkany, bir zat aýtjak soň näme etseň şony et !
- Aýt hany göreýin.
- Leýla...men .........saňa aýtňadyk bir problemam bar..
- O näme ?
- Sen gaty görmejegiňe söz ber .
- Söz berýän.
- Leýla men öýlenen.Ýöne iki aýam ýaşaşmadym, aýrylyşdym.Şonuň üçin saňa imrinip barýan, senem meni halaýaň.Iliň dilinden eşdenden özüm aýdaýyn diýdim.
Üstümden gaýnag suw dökülen ýaly boldy.Trupkany goýdum, meniň oňa berer ýaly jogabym ýokdy.Ol öýlenen, ady çykan oglana bermejeklerini bilýädim.Ýöne gel şuny ýüregime düşündirdä-ä !
Indi meniň gulaklyja ýassygym bardy.
Bolan zatlary ýatlap kän agladym.
Gözüm ýaşy kepänok.
Maňa " unut " diýdiler.
Maňa bolsa bary bir,
Diýdiler diýmediler.
Unutmaz söýen ýürek,
Unutmak üçin dünýä,
Täzeden inmek gerek.
...Sagbol Muhammetaly.Durmuşa çykmadyk halyma , öýlenen ýigide bermezler meni.A men bolsa şu öýden dabaraly ýagdaýda, gelinalyjylap alyp gitmeklerini arzuw edýän.
26
220