Jüneýit hanyñ içgepletmesi
Eý, Biribar, huzuryňda arzym bar,
Nämede meň geçilmesiz ýazygym.
Küpür gürlemäýin çäksiz parzym bar,
Däl-ä ýogsam gara gaýgym azygym.
Ýa bähbit arasam, goşsunlar kündä,
Aýtsynlar aýbymy, assynlar dardan.
Ýöne artyk munça jebriň bir bendä,
Ölüp bilmän ýörkäm öň köýen ardan.
Undup bilsem, gazawadyň nalasyn,
Janym ýakyp, beýle ömür sürmezdim.
Ýa bolmasam mert ýomudyň balasy,
Aç gurt kibi takdyra ten bermezdim.
Arman yzda gana ýuwlan Watan bar,
Gülleri mahmaldan, kesegi zerden.
Çözülmesi çylşyrymly matal bar,
O nähili hossar keseki ýerden?
Olar ýedi derýaň suwuny içip,
Bosagaň agzyna siýip bilýärka,
Taňrym, olaň sözi ýol alýar niçik,
Nädip ýalan gepi diýip bilýärka.
Ýurdy ýykyp, göýä watançy olar,
Ýurdy gorap, menem basmaçy bolýan.
Ýeri muňa nädip düşünmek bolar,
Ine, muňa welin haýranlar galýan.
Bilýärin, ýeňildim, ýaşyl tug syndy,
Derejäniň deň däldigin bilýärin.
Rejäniň geň däldigin bilýärin,
Bilemok jynazam kim okar indi.
Besdir, bozulmaýyn men mundan artyk,
Allam, aýralykda bagrym ezerin.
Sanalgym dolýança nesibäm dartyp,
Ile gelmek höwesinde gezerin.
Mazarystanlykdaky oýlanma
(Çary Ýegenmyradowa)
Dünýeler çöküpdir, düşläpdir kerwen,
Şeýle giň düşelge, hemmä ýer ýetjek.
Niýetleri göçjek ýalydy derrew,
Kim bilýär, gör, haçan hereket etjek?!
Aramgäh sowuk däl ýa-da petiş däl,
Ýaşap ýadanlara ýatmak ýaraşýar.
Çünki kerwen yzda gelip ýetişmän
Eglenenleň jemlenerne garaşýar.
Ilmàt Gurbanow