Gyşyň hikmetidir ýazyň gelmegi.
Ýazyň hikmetidir tomsuň gelmegi.
Tomsuň bereketi güýzüň hasyly.
Güýzden soň täzelener tebigat,
Öz agraslygy bilen geler gyş pasyly...
Gyşdan soň ýene janlanar ol tebigat.
Gyş sowugy bilen jan alsa eger,
Ýaz gyşyň alanyn yzyna berer.
Ýaz jan berýän bolsa bu tebigata,
Şol ýaz hem başyny “o:t” tomsa eger.
Tomus hasyly bilen göwnüňi açsa,
Güýz onuň beren hasylyn ýygar.
Güýzde tebigatyň ysgyny gaçsa,
Gyş şol tebigatyň janyny alar...
Ýene ýaz jan biýr bu tebigata,
Ýene gyş onuň janyny alar.
Şeýdip. Dünýä hem ýylda bir ýaşar,
Şeýdip, tebigat “sazlaşygyň”
Syrly hem – de
ajap sazyny çalar.