Doglan gün
Men uýamdan SMS📩 aldym. "Dogan, seni doglan günüň bilen gutlaýaryn. Uzak ýaşa "-diýdipdir. Gaharym gelip, doganyma jaň 📞etdim.
"Uýamyz doganynyň doglan gününi hem bilmeýär eken" -diýdim.
- Ol meni gutlady we SMS iberdi. Oňa aýt men tomusda doguldym!
Agam biraz dymdy, soň jogap berdi:
- Uýamyz, doglan günüň gutly bolsun diýip maňada SMS iberdi.
- Näme? Ol saňa hem iberdimi? .. Näme üçin?
- Düşünmediňmi? - agam uludan demini aldy. - Aslynda, bugün seniň däl-de, uýamyzyň doglan güni!
Men hiç zat aýdyp bilmedim. Utançdan ýüzüm gyzardy.