Ýeke galyp garaňky gijelerde
Senli geçen günlerimi oýlaýan
Unutdym diýýärin soranlarada
Ýene şol pursat hem seni ýatlaýan.
Ýürekde öçmejek yz goýup gitdiň
Hiç bir pozguç pozup bilmez ornuňy
"Wagty bilen unudarsyň" diýipdiň
Unutmaklyk üçin söýmändim seni.
Belki ýatlaýanam dälsiň sen meni
Söýülenler ýatlanýara aslynda
Wah näme üçin ýatlamaly sen meni
Söýen bolsaň bolardyňla ýanymda.