Pilin yupi
Bir adam pilleriň sürüsiniň ýanyndan geçip barýan eken. Esewan etse, uzyn burunly äpet jandarlaryň öň aýaklary inçejik ýüpjagazlar bilen daňylgy eken. Ýüpüň inçedigine garamazdan, äpet piller ýüpden boşanmaga synanyşmaýan ekenler. Tersine, olar özlerini diýseň rahat duýýarmyşyn. Bu ýagdaýy bir salym synlap duran hälki ýolagçy, pilleriň eýesinden onuň sebäbini haýran galmak bilen sorapdyr. Baş öwrediji oňa seredip, “Pilleri biz kiçilikden bu ýüplere öwrenişdirdik, aýaklaryny daňmak üçin bolsa, şol bir ýüpleri ulandyk. Ilki-ilkiler, piller entek çaga wagty birnäçe gezek ýüpden boşanmaga synanyşdylar. Emma olaryň güýji ýetmedi. Aý aýlanyp, ýyllar ötüp, piller ulalsalar hem, bu ýüpi üzüp bilmejekdiklerine ynandylar. Şeýdip, olar ýüplere öwrenişdiler” – diýip, jogap beripdir.
Datly Alma
Mugallym okuwyny gutarjak okuwçylaryndan iki sanysynyň ellerine sebet berip bagdan iň datly almalardan ýygmagy başaranyň uçurym boljakdygyny aýdýar. Ep-esli wagt geçenden soňra okuwçylar alma doly sebetler bilen dolanýarlar.
Okuwçylardan biri iň gowy, owadan we çüýrüksiz almadan dolduran sebetini özüne göwnü ýetýän uly ynam bilen mugallymyna tabşyrýar.
Yzyndanam beýleki okuwçy mugallymynyň öňüne sebedini goýýar. Ýöne bu ikinji okuwçynyň sebedindäki almalar beýleki okuwçynyňky ýaly abat hem-de owadan däl-de, eýsem ýere gaçyp garalan, ezilen hem-de mör-möjekli we hapady.
Mugallym ikinji okuwçysyna “Sen uçurym bolduň, ýoluň açyk bolsun!” diýip ony ugradýar. Muňa hiç-hili aň ýetirip bilmedik birinji okuwçy gaharlanyp, mugallymynyň adalatsyz çemeleşýändigini pikirlenip özüniň närazylygyny dile getirýär: “Düşünmedim-le men, bu nähili beýle bolýar?”
Mugallym okuwçysyna seslenmezden ýylgyrýar-da getirilen birinji sebetdäki almalaryň iň täzesinden we ikinji sebetden iň könesinden birini alyp, kesip oňa iýmäge hödür edýär. Okuwçynyň dadyp gören almalarynyň datlysy dogrudanam ikinji sebetdendi.
“Men size iň owadanyny däl-de iň datlysyny ýygmagy tabşyrypdym” diýýär mugallym.
Dogrudan hem, iýýän almalaryňyza üns beriň. Abat almany dadyň birem beýlekisini. Daş görnüşi enaýy bolsa-da tagamy nähilikä?
Hamala diýersiň ir-iýmişlerem edil adamzat ýaly ýaralandykça durmuşyň tagamy şonçada datlanýar, manylaşýar. Diýmek, ýaralarymyz bilen owadan hemmämiz.
Ayakgap satyjy
Aýakgap öndürip, ýerleýän bir kärhana, iki sany işgärini bazar ýagdaýlaryny ymykly öwrenmek üçin Afrika döwletleriniň birine ýollamakçy bolýar.
Ilkinji giden işgär goýberilen döwletiniň ykdysady ösüşini, ilatynyň hal-ýagdaýyny, bazar-önümçilik gatnaşyklary bilen ýakyndan gyzyklanyp görýär. Giden-gören zatlary we alyp baran işiniň netijeleri barada özüni ugradan ýolbaşçysyna gelip şeýle hasabat berýär: “Afrikada biziň iş alyp barmagymyz üçin hiç hili şert we mümkünçilikler ýok, sebäbi ol ýerde ýaşaýan adamlaryň aglaba bölegi aýakgap geýmän aýakýalaňaç gezmäge endik edipdirler.” diýýär.
Ýene-de şol döwlete iş saparyna goýberilen ikinji işgär-de bazary aýlanýar, halkyň ýaşaýşy bilen içgin tanyşýar. Yzyna dolanyp gelen bu işgär hem ýolbaşçysyna geçiren barlagynyň netijeleri barada şeýle hasabat bilen çykyş edýär: “Afrikada biziň iş alyp barmagymyz üçin şeýle bir gowy hem-de amatly pursatlar bar. Sebäbi ol ýerde ýaşaýan adamlaryň köp bölegi aýakgap geýenoklar.”
Biziň durmuşa bolan dünýägaraýşymyz özümize uly täsirini ýetirýär. Hemişe her bir işiň gowy tarapyndan seretmek üstünlige hem bagta alyp barýandyr!