sahyrlar_we_men
16.07.2022 22:33
Ynsan göwni-tebigat

Tebigatyñ kanuny bar
Oñ kanuny yasayysdyr.
Emma onuñ armany bar
Ynsan göwnun awlayysdyr.

Tebigatam dyrjasyr dur,
Ynsan göwnun tapjak bolup,
Ynsan daga dyrmasyp dur
Agaclaryn capjak bolup.

Palta agaja degip dur,
Yogsam ynsan yylanmaz.
Tebigatam syn edip dur,
Emma welin gynanmaz.

Soñ tebigat tama eder,
Ornuna bag eker diyip.
Emma ynsan tamam eder,
Su gunlikce yeter diyip.

Adamzadyñ çesmesi bar,
Tesneligin gandyrmakdyr.
Tebigatyñ tesnesi bar,
Ösünligin gandyrmakdyr.

Tebigatyñ emri bilen,
Ak bulutlar garalypdyr.
Sol bulutlañ yagsy bilen,
Ösünlikler garwanypdyr.

Adamzadam, jandarlaram,
Ösumlikler ezilipdir.
Bu pursaty janlandyrnak,
Sahyr üçin hezillikdir.

Kän göwünler hezil etdi,
Yaz yagsynyñ damjasyna.
Bulut bolsa eziberdi,
Gysganmany damjasyna.

Kän adamlar mähir sepdi,
Tebigatyñ zähmetine.
Kän adamlar zäher sepdi,
Tebigatyñ hikmetine.

Biri diydi al-asmana,
-"Yagsañ bordy güyz paslynda"
Yene biri -"Tuys wagtynda
Yaganyñam gowy diydi"

Bu pursaty synlan sahyr,
Kasesine guydy çakyr.
Az oylanman, köp oylanman,
Öz pikrini aytdy ahyr.

"Yagys yagsa yagdy diydiñ,
Yagmasa-da nägilediñ.
Tebigata hiç düsünmän,
Öz basyña näz eylediñ.

Yazda yagman, guyzde yagman,
Haçan yagsyn ynsan göwni,
Yag yagyber, guy guyyber,
YNSAN GÖWNI SENDEN GOWMY?"
9
83
Poet
25 Iýul 2022
Harp ýalňyşlar gidipdir, bolmasa goşgam gowy, manysam gowy, çeperçilikli, akgynly. Üstünlik 👍
sahyrlar_we_men
16 Iýul 2022
"Çakyr" bilen "ahyr" ikisini kapiyalasdyrjak boldym cyg bolupdyr oydyan.
Archi
16 Iýul 2022
Menem spirtli içgilere garşy....
❤GÜLHANYYM❤
16 Iýul 2022
SAHYRLARWEMEN,şahsy durmuşym bn tanyş edemok,başgalaryñky bilenem gyzyklanamok))
sahyrlar_we_men
16 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤, Salam, sag bolun 👍🏻 sizede ustunlik.

❤GÜLHANYYM❤,hekayalañ gowy, yazyjymyn, ya gapdaldan hobbi hokmunde yazyanmy?
❤GÜLHANYYM❤
16 Iýul 2022
SAHYRLARWEMEN,salam mlds udaci👍...
sahyrlar_we_men
16 Iýul 2022
Salam hemma, gosgy barada òz pikrinizi aydyp bilersiniz.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.