❤GÜLHANYYM❤
16.07.2022 22:10
Soñlanmadyk hat🖊

-Diýip duranlaryñ näme aý oglan?!Öz aýtýanlaryñy gulaklaryñ bir eşitýärmi?!Maña diýenje sözleriñi özüñ ýala aýdaýmaly ekeniñ.Has dogrusy deñiñi gaşa!Indiden beýläk seni ýolumda görmäýin!

Tawus tumşugyny ýokaryk tutup arany açdy.
Umyt ýoluñ gyrasyndaky oturgyja özüni oklady.
Gyzyñ aýdan sözleri esli wagt gulagyna ýañlandy durdy.Öñ hem gijeleri ukusyz geçirýän Umyt bu gün has dertleri güýjäpdi.Kemsindiriji sözler bagryny ýakdy,eje-kakasynyñ ýoklugyna ýüregi ezildi,kemsindi.
Şol günden soñ Umyt düýpgöter başga oglana öwrüldi.Ozalky işiniñ daşyndan köpräk girdeýji bolar ýaly täze işe durdy.Alýan aýlyklarynyñ agramly böleklerini hem gymmat bahaly kitaplara harçlady.Gijelerine kitaplar bilen daña çykdy.Dünýägaraýşy giñedi,aýtýan sözleri eşidenleriñ mañzyna batdy.

Ýene-de Tawusly dünýä dolanyp geldi.Oýlandy,tanapyny üzmedi,birden hem Tawusyñ jorasy Gunça bilen habarlaşmagy makul bildi.Tizräk dañyñ ataryna garaşdy.Işe tarap gideninde Gunçalaryñ ýolundan ugrady.Edil dilduşan ýaly şol wagt Gunça hem daşary çykypdy.
-Salam Gunça,saglyk-esenlikmi?!

-Salam Umyt hawa ýagşy.Sen nire ,bu ýerler nire?

-Gunça seniñ bilen bir az gürrüñim bardy.Has dogrusy maslahatyñ gerek.

-Aýdyber arkaýyn elimden gelen kömegi seniñ ýaly päk ahlakly ýigitden gaýgyrmaryn.

Umyt bu sözlere ýylgyryp,bolan wakanyñ hemmesini aýdyp berdi.

-Umyt bir saparky ýüzleý oklan çeññegiñe balyk düşmez,meni diñleseñä hat ýazmagyñy aýtjak.
Ýöne hatyñ has ýürege baryjy bolsa gowy bolar-diýip,az wagtlyk söhbetdeş boldular.

Oglan Gunça bilen hoşlaşyp iş ýerine bardy.Çykalga tapan ýaly begendi,Tawusa yazjak haty üçin şirinden-şirin sözleri añynda taýýarlady.
Köneje öýüne geldi,garbanmak bilen hem ugry bolman,kagyzdyr galama ýapyşdy.Sözlerini hemde hatynyñ ýazylyşyny owadan etmäge çalyşdy.Bir sözlem ýazyp,gaýtadan howlukman okap gördi.Umyt bu hatyny bir güniñ içinde tamamlamady,eslije gün gerek boldy.Her gün Gunça sünnäläp ýazandygyny aýtdy,oglan juda sadady.Emma Gunçanyñ bu saparky aýdan sözleri Umydyñ doly ýazylyp tamamlanmadyk hatyna böwet boldy.
Indi hatyñ yzyny dowam etdirse hem hiç hili peýdasy bolmazdy...
Gunça töweregine göz aýlap,eşidenleriniñ baryny aýtdy....
13
65
Feya_08
17 Iýul 2022
👍👍👍...
Sayida
16 Iýul 2022
👍Gowy hekaya eken. Ozun yazan bolsan doredijilik yolunda ustunlik!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.