❤GÜLHANYYM❤
16.07.2022 21:07
Soñlanmadyk hat🖊

Lukman hem gözlerine ynanman doñup durdy...
Şatlygyñ lukmana ýüzlenmesi Umydy özüne getirdi.Umyt şepagat uýalaryna hem garaşman Tawusyñ elindäki çagajygy garsa alyp hassahana girdi.Ýolda barýarka çagajygyñ nurly ýüzüne seretdi,ýüregi gyýyldy.Umyt bu pursatdan peýdalanyp Aýnajygy bagryna basdy,özüne uly agram salyp,gözlerini berk ýumdy.Haýal etmän ýürek uruşyny barlap,gerekli bejergileri etdi.

Yzygiderli edilip goýulan oturgyçlaryñ birinde oturan Tawusy gaýgylar egninden basdy.Şol pursat edil ýagdaýy bilýän ýaly el telefonyna Döwletden jañ geldi.

-Tawus bardyñyzmy sag-aman,gyzym mamalaryna baryp begendimi ýa meni göresi gelýärmi?!

-Ýok...oba geldik,biz hassahanada.

Döwlet geñirgendi...

-Hassahanada?

Tawus ýoldaşyna bolan zatlaryñ baryny başdan aýak aýdyp berdi.Döwlet bu wagt işinden gelip saçak başynda oturypdy.Nabat ene hem-de Sülgün gelin habary eşitdiler.Döwlet ejesine oba ugrajakdygyny aýtdy.

-Oglum,gorkuly zat ýok,giñiräk bol.Gyzgyny galandyr,lukmanlar em etse derew aýrylyp gider.

-Ola şeýledir eje,ýöne ynjalamok...

Sülgün ýoldaşy Döwranyñ öñünde bir çäýnek demini alan gök çaý goýyp,hüñürdemäne başlady:

-Ejemler,ejemler diýip aldy halys,ana gitdemdä ejelerine,jagasyny keselledip,hassahananyñ gapysynda bükgüldäp otyr indem...

-Ýene başladyñmy...?Bes et indi şu gürrüñleriñi,basyp bilmedigiñ Tawus gelin boldy.

Döwranyñ sesi batly çykdy.
Sülgün:

-Haýalyrak gürleseñem eşitýän,ejeñdagyñ gulagyna degse näme...?!Ýenede men gara atly bolup galaryn.

-Bolşuñ şu bolsa ak at almanjyk geçersiñ-diýip, Döwran elindäki çaýly käseden owurtlady.
Sülgün ýoldaşyndan öýkelän bolup,uzyn ýaşmagyny eliniñ tersi bilen çep egnine atdy-da,ädimlerini bir az çaltlandyryp çykyp gitdi.

Tawusyñ ýanyna Umyt lukman geldi,gyzynyñ ýagdaýynyñ gowudygyny,gorkuly zadyñ ýokdygyny aýtdy,soñra bolsa gürrüñleşip oturmak isledi. Umyt bilen Tawusyñ geçmişi uzakdy...
Tawus gyzynyñ ýatan otagynyñ aýnasyndan boýnuny uzadyp,biraz ynjaldy.

-Tüweleme,Tawus gyzjagaşyñam ediljek özüñ,häsiýeti hem seniñki ýaly kejirjemi?!

Umyt sözüni soñlap ýetişmänkä ony iş meselesi bilen çagyrdylar."Häzir gelýän"diýen yşarat edip howlukmaç gitdi.
Tawus durmuşyñ oýnuna geñ galyp geçen günler añynda aýlady,geçenleri ýatlady...

Umyt kiçilikden ene-atadan jyda düşen ýetim oglandy.Tawus her gün sapaklaryndan soñra kitaphanadan kitap alyp wagtynyñ köp bölegini şol ýerde geçirýärdi.Umyt bolsa kitaphananyñ gapdalyndaky naharhanada işçi bolup pul gazanýardy.
Umyt Tawusy sulhy alypdy,her gün kitaphanadan çykanda öýlerine çenli ugratmak isledi.Ýöne iş wagty gije çenli bolanlygy sebäpli onyñ bilen gabatlaşyp bilmedi.Obada bir üýşmeleñ bolsa Umyt assyrynlyk bilen Tawusy synlaýardy.
Günlerde bir gün Umyt işinden rugsat alyp Tawus bilen ganbatlaşmany makul bildi.Kitaphananyñ gapysynda Umyt Tawusyñ gaýtmaly wagtyndan birnäçe sagat öñ dañylyp durdy.Inede ep-esli garaşanyndan soñ edil tawus guşy ýaly owadan,gülýakasy günüñ çoguna öwşün atyp,ýaldyrady.Gyz assa ýöräp basgançakdan düşdüp geldi.Umydyñ gabadyna ýetende,oglanyñ garaşyp durandygyna geñirgendi.

-Salam Tawus...

-Salam-diýdi-de,boýdan başa oglany synlady.Sary giden jalbar,güne arkasy solan gök köýnek,aýagynda bolsa köneje köwşi,elinde bolsa iş hakyndan niýetläp alan terje bägüller.
Daş-töwerek adamlardan doludy,her kim öz işleri bilen başagaý.
Gyz gapdalyndaky oglanyñ egin başyndan utanyp gyra çekildi.Onuñ bilen bu eginbaşynda bile ýöräp gitmegi özüne kiçilik hasaplady,"Adamlar görse näme pikir eder" diýen düşünje añyna geldi.
Beýle bolar diýip oglan oýlamandy.Umyt şonda-da ondan-bundan gürrüñ açdy.Indi wagtynyñ bolandygyny bilip,uludan demini aldy-da ençe wagt aýtmaly sözlerini añynda aýlanlaryny daşyna çykardy....
Elindäli gülleri Tawusa uzatdy.
Gyzyñ beren aýgytly jogaby oglany aklyna aýlady...

GÜLHANYM MUHAMMEDOWA
12
84
❤GÜLHANYYM❤
16 Iýul 2022
B.....,şùkùr ALLAM saglyk.Bolýa hökman.Gezen ýeriñde sag gez;)🌹
❤GÜLHANYYM❤
16 Iýul 2022
B.....,o BAHAR barmyñ sen,gelmän oñduñla gyz,ýagşymy ýagdaýyñ🌹
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.