sahet_ashyrov
18.02.2020 16:26
Söýgi mukamy.

Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,
Gözleriniň ody ýürekde galdy.
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,
Garaýşy bu goşa garakda galdy.
 
Müň gyzyň içinden gözüňe iler,
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen antym duzda-çörekde galdy.
 
Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.
 
Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.
Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.
Jadyly gülküsi gulakda galdy.
 
Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...

Awtor: Berdinazar Hudaýnazarow
9
642
Myhman Myhman
21 Fewral 2020
gowy goşgy
Myhman Myhman
19 Fewral 2020
salam
Ангел
18 Fewral 2020
Ajaýyp
Enkam
18 Fewral 2020
Şu gosgyny gaty gowy goryanda mlds yazanyñ ucin minnetdar we mndn sana like ❤
pink
18 Fewral 2020
??????
☆NUR☆
18 Fewral 2020
???❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.