Gurgenchli
16.07.2022 01:32
ALYM BOLMAK ÜÇIN

Ýaş ýigit alymyň ýanyna gelip:
— Jenap, siz ýaly danyşment alym bolmak üçin men näme etmeli? — diýip sorady.
Alym hiç hili jogap gaýtarmady. Ýaş ýigit onuň ýanyna dynuwsyz birnäçe gün gatnap soragyny gaýta-gaýta soraberdi. Ahyry alym oňa "yzyma duş" diýip derýanyň ýanyna alyp bardy.
Suwa düşdiler. Şol mahal danyşment ýaş ýigidiň egninden mäkäm tutup suwa çümdürdi. Ýigit alymyň elinden halas bolmaga näçe synanyşsa hem, başaryp bilmedi. Az salym suwda saklansoň alym ony göýberdi. Ýigit uludan dem alyp özüne gelensoň alym ondan:
—Oglum suwda demigip duran wagtyň iň köp islän zadyň näme boldy?— diýip sorady.
Ýaş ýigit ikirjiňlenmän:
— Howa, diňe howa, dem almak isledim— diýip jogap berdi.
— Onuň ornuna, baýlyk, keýpi-sapa, güýç-gudurat, owadan zenanlary şuňa meňzeş zatlary islemediňmi?
— Ýok, ýok, demim tutulyp bogulyp barýardym, diňe dem almak isledim.
— Alym bolmak üçin oglum, ana edil şolar ýaly isleg gerek. Sen başga islegleriňi, maksatlaryňy bir çete aýryp diňe şu ýolda hereket etmegiň gerek. Bu maksadyň gije-gündiz ýadyňdan jykmazlygy gerek. Eger alymlyga şular ýaly ymtylsaň elbetde maksadyňa ýetersiň.
12
65
Leýla💔
25 Iýul 2022
Salam saparmyrat
Zxcvbnm
16 Iýul 2022
Super
ay_kiz_
16 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Leýla💔
16 Iýul 2022
Gowy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.