Gülhan
16.07.2022 00:17
Kagyza damlajak gözýaş deregne, Duýgylarym hatar-hatar üýşüp dur...İkisiniň arasynda elewräp, Agramly ýüklerden ýeňledi ruhum...Diýmek golaý gelen bagtyňa goşup, Çäksiz bagt dilärin menem goşadan..Goý, geçmişiň ýangynlarda kül bolsyn,
Umytly kalp dörär ýene ýaňadan...Görýän welin gözüňdäki bar ornym, Päsgel berýän daşdan artyk däl eken. İki ynsan Ykbal sebäp duşsa-da, Soňky iş gezegi gaýratda eken...Gaýratlydy, ejiz diýip biljek däl, Hut şoň üçn kalbymyza ornaşdy. Ýetimler öýüne çağa mysaly, Söýgimiz hossarsyz düşmeli boldy.. Gyzlyk ejabynyň çäginden geçip, Ruhumdan ruhuňy tutmandym uzak. Bu söýgi paýymmy ýada jezammy?! Men düşnip bilmedim işiňe pelek? Neneň täsiri ýok bolýan ýagdaýyň, Ýa duýgulaň birçak söndüler gerek ? Kabul etmek şeýle agyr gelse-de, Menä indi öýtýän seni Daşýürek...Bilýän ýat eýleýäň menli dünýäni, Ne isleg galdyrdyň, ne-de bir tama..Kabul etseň bir kiçijik: haýyşym, Gyzyň bolsa adym dakaý adyna...Şonda saňa beslän päkize söýgim, Garagözüň gözlerinde duýulsyn...
Çäksiz, tükeniksiz hemde bir ömür, Mähirli mähirler üstüňe ýagsyn...Goşgy däl, ýönekeý, sada duýgular,
Köşeşmeklik üçin orta atyldy..Asyl peýkam urlan kalbymyň töri, Paýlaşyp bolmajak duýgydan doly ...
17
182
jemal_seyitniyazowa
18 Oktýabr 2022
Kabul etmek şeyle agyr gelse-de, Menä indi öydyän seni Daşýürek...Bilýän ýat eýleýäň menli dünýäni, Ne isleg galdyrdyň, ne-de bir tama... Kabul etseň bir kiçijik: haýyşym, Gyzyň bolsa adym dakaý adyna..
Gülhan
28 Awgust 2022
garlawaç, yone pozmaly dalde/. Halayan 😊
Gülhan
28 Awgust 2022
garlawaç, Nahili gelsede gelsn. Shoña menden köp garashyan yokdyr )
Gülhan
28 Awgust 2022
garlawaç, gowlyk gülüm)
Gülhan
28 Awgust 2022
garlawaç, 😔👍🏻
Myhman Myhman
16 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
ay_kiz_
16 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Altynayyy
16 Iýul 2022
Govy yazylypdr
kyyas2017
16 Iýul 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.