awesome
15.07.2022 22:15
Wyždanyň öňünde dogruçyl bol

BIR ENÄNIŇ OGLUNYŇ MUGALLYMYNA HATY. 

"Indi ol, siziň eliňizde. 
Bu wagt hemişekisinden has ykjam geýinýär. Öňler ne saçlaryny daraýardy, ne-de köwşüne reňk çalmak endigi bardy. Emma bu gün üýtgeşik bir gün onuň üçin. Bu gün mekdep bilen tanşan ilkinji güni. Ol tutuş tomsuň dowamynda bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşypdy. 
Siziň käriñiz uly jogapkärçilikli kär. Size çaganyň añyny we ruhuny ýugrup beketmek we kämilleşdirmek wezipesi ynanylýar. 
Her gezek mekdepden öýe dolananda, ähli gürrüñi diñe siz barada bolar. Gaty kän öý ýumşy berendigiňiz üçin zeýrener, emma siziň ynamyňyzy gazanmak üçin-de elinde baryny eder. Bir gezejik ýüzüne mähirli garap ýylgyrmagyňyz onuň üçin bar zatdan gymmatlydyr. 
Soňy gelmeýän soraglaryna indi bizden däl, sizden jogaba garaşar. Kakasynyň we meniň sözümi çaga sadalygy bilen böler: “Emma mugallymym beýle diydi...." 
Sizden asla umydyňyzy ýitirmezligiňizi isleýärin. Ne käbir ene-atalaryň aladasyzlygy, düşünjesizligi, ne-de olaryň siziň öňüňize çykaran wagtlaýyn kynçylyklary sizi maksadyňyzdan we käriňizden sowatmasyn. 
Ogluma berjek durmuşy mysallaryňyz arkaly onda ylym öwrenmek islegini tutaşdyryň. Onda geljege bolan ynam dörediñ we geljek üçin beyik maksatlar goýmagy we ol maksatlara ýetmek üçin okgunlylygy we tutanýerliligi öwrediń. Payhasly hereket etmegiň yollaryny görkeziň oňa. Durmuşda dogry ýol görkeziji boljak kämil wyždan yerleşdiriň kalbyna oglumyň. 
Öwrenmegiň açarynyň soramaldygyny öwrediň. Özbaşdak iş başarmak ukybyny kämilleşdiriň. Oňa her gün Watanymyz barada söhbet açyň, goý, şeýle ajayyp ülkede ýaşaýandygyna buýsanyp gezsin. Jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiliklerini yzygiderli ýatladyp duruň ogluma. Emma, has möhümini, şu pähimi öwrediň: "Wyždanyň öňünde dogruçyl bol". Bu jümle, goý, onuň durmuşynyň mazmunyna öwrülsin. 

GÖRELDELI MUGALLYM 

Ol wagtlar orta mekdebiň bäşinji synpynda okaýardym. Bir gün mekdebimize räze mugallym geldi. Tejribeli mugallymdygyna eýýäm ilkinji dersde göz ýetirdim. Synag, öý ýumşy, gezelenç we tejribe-barlag günleri, dersiň nähili geçiljegi, synpyň arassa saklanmagy, nobatçylyk meselesi, okuwa gatnaşyk ýagdaýlary, synpyň içindäki topar ýolbaşçylary we.ş.m zatlary mugallymymyz bilen bilelikde maslahatlaşyp, kadalary we düzgünleri kesgitledik. 
Sapagyň täsirli holmagy üçin täze kadalar girizdik. Bulardan biri-de, sapaga gijä galyp gelen synpa girmeli, ötünç sorap, ýerine geçip oturmaly, sapak gutarandan soňra-da, gijä galmagynyň sebäbini düşündirmelidi. Tutuş synpymyzyň okuwçylary we mugallymymyz bilen bilelikde kabul eden bu özboluşly kada we düzgünlerimiz işläp başlandan soňra, iki hepdäniň içinde derse giç gelýän galmady. Okuw günleri gar-gyş, ýagyş-boran diýmän, her kim sapaklara wagtynda girip-çykyp ugrady. 
Ynha günlerde bir gün mugallymymyz sapaga gelmedi. On minut geçipdi, entek hem gelmänsoň, sol günki nobatçy synpdaşymyzy sapagymyzyň boşdugy barada ýagdaýdan habardar etmek üçin mekdep müdiriniň ýanyna iberdik. Az salym soňra müdir, mugallymymyz we iberen dostumyz synpyň gapysyny kakyp, tirkeşip içere girdiler. Müdir: 
- Mugallymyňyz bu gün sapaga wagtynda gelip ýetişmänligi üçin meniň ýanyma geldi. Ýanýoldaşyny lukmana äkitmeli bolandygy sebäpli, wagtynda sapagyňyza gelip bilmändir. Meniň ýanyma: "Eger siz we okuwçylarym rugsat berseñiz, sapaga girip bilerinmi?" diýip geldi. Men öz adymdan rugsat berýärin. Siz hem rugsat berýäñizmi? - diýip, synpa yüzlendi. 
Tutuş synp dymýardy. Ozalky sapaklarymyza giren mugallymlarym göz öňümde janlandy. Bular ýaly mugallymy entek görmändik, beýle ýagdaý bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolýardyk. Geň galypdyk. Ählimiz birden ör turduk. "Kabul edýäris" - diýip, biragyzdan seslendik. Hemmämiziň - müdiriň, mugallymymyzyň we biziň bu ýagdaý sebäpli damagymyz dolupdy. 

"Ruhubelentlik kyssalary". 
Taýýarlan: Ýagşymyrat KAKAJANOW
10
51
ŞirnazarTaganow
15 Iýul 2022
Atayeva,peýdasyzrak bolar95/5,çünki zandyna bagly :)
Papatya
15 Iýul 2022
Täsirli...Enäniň hatyny özüme ýazylan ýaly duýdum🙏
Archi
15 Iýul 2022
Atayeva, haladym ...*reze mugallym bolyp galypdyr ... 😶

Räze*..
ŞirnazarTaganow
15 Iýul 2022
Bular ýaly mugallymyñ bardygyny bizem bilmeýädik :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.