❤GÜLHANYYM❤
15.07.2022 21:06
Soñlanmasyk hat🖊

Ýaz paslynyñ ajap bir gününde säher bilen oýanan Tawusyñ näme üçindir ýüregi gysdy.Gapdalynda uklap ýatan balasynyñ çişijek ýañaklaryndan taýly gerek ogşap,kiçijek barmajyklaryny eline aldy.Dünýäsine şatlyk getiren gyzyny otdan,suwdan gorap mähri bilen her wagt ýylaltýardy.Eje söýgüsi çäksiz emma ýañy dil bitip başlan Aýnajygy her hal küýsäp duran kakasynyñ söýgüsem kem gelenokdy.Döwlet gyzy bilen oýnamak üçin işleri näçe köp bolsada wagt aýryp,günlerini şatlykly geçirýärdiler.Oýunlarynda edil çaga ýaly gyzjagaşynyñ yzyndan yglaýan Döwleti balasynyñ iki ýana galgaýan saryja saçlary hem-de jykyr-jykyr edip gülmegi hasda şatlandyrýardy.
  Sülgün Nabat enäniñ uly gelnidi.Sülgün eltisi Tawus bilen kän bir mäşi bişişenokdy,ýöne bu sulhunyñ almaýandygyny Sülgün içinde saklap,daşyna çykarmady.Biş-düş ugrundan üstün gelmegi hem bir sebäpkäridi.
Ertirlik taýýarlan Tawus gelin demlän çaýyny gaýyn enesiniñ öñünde goýdy.Saçak başynda Nabat ene oglunyñ işleri barada sorady:

-Döwletjan balam işleriñ nähili,arada täze bir binañ üstünde işleýändigiñi aýdypdyñ, şowly bolýarmy?!

- Hawa eýýäm tamamlap gelýän eje,şeýle gözel boldy,nesip bolsa hemişekiler ýaly şäherimizi ajap binalarymyz bilen bezäris.

-Tamada şeýledir,ýurdymyzyñ ösüşine goşant goşýan şeýle oglumyñ bardygyna begenýän.
Tawus gelin işe başlamagyña intäk wagt barmy balam?!-diýip gelnine nazar aýlady.

-Hawa,dynç alyş günlerimde ejemlere gidäýsem diýýän,soñky sapar gidip gelenime hem ep-esli wagt bolupdyr.

-Gitseñ sag-amanja gidip gel aýal doganymada,öýüñizdäkileriñ hemmesine bizden salam aýt.

Nabat ene ogluna öz aýal doganynyñ gyzy Tawusy gelin edinipdiler.Bir-birilerini sylaýan agzybir maşgalanyñ abraýlary obada hem-de şäherde uludy.Döwletiñ işi şäherde bolandygy sebäpli paýtagta alty ýyl mundan ozal göçüp gelipdiler.Döwlet:
-Öñüräginden aýdan bolsañ özüm eltip gaýdardym-da oba-diýip,gelnine ýüzlendi.

-Şu gün näme üçindir ýüregim ýöne obany,ejemleri küýsäp dur,sen arkaýyn işiñe gidiber oba gatnaýan ulaglar kän indi bir salymda eltýärler.

-Men häzir dostum Şatlyk bilen habarlaşaýyn özi gapyñyza eltip gaýdar.

Tawus ýol şaýyny tutanyndan soñ Şatlyk geldi.
Döwlet gyzjagazyny bagryna basdy,hiç göýberesi gelmedi.Hoşlaşanlaryndan soñ Nabat enäniñ ýoldaş edip salan çöregini gapdalyna alyp ýola düşdüler.Ýol boýy daş töweregini synlap gelýän Aýnajyk bilesigelijiligi bilen ejesinden görýän zatlary barada soraýardy.Tawus her sapar gyzyna çaga dilde gowy edip düşündirip terbiýeli edip ýetişdirmäge çalyşýardy.

Bagy bossanlyga bürenip oturan küren obanyñ bir çetinden girenlerinde Tawusy üýtgeşik bir duýgy gurşap aldy.Önüp ösen,dogduk mekany çagalyk döwrüni ýatlatdy,oýnap geçen ýaýlalaryny synlady.Bu depelerde,ençene şatlykly günleri geçipdi.
Emma sessizje oturyp, ysgyndan gaçan,ýüzi ak tam deýin bolan gyzyny görende Tawus howsala düşdi.Elini Aýnajygyñ mañlaýynda goýdy.Gyzgyny galypdyr.Ilki geçip gider diýip pikir etdi emma Aýnajygyñ ýagdaýy hasda beterleşdi,dem alyşy üýtgedi.Şatlyk ökde bir tanyş lukmanynyñ bardygyny aýdyp,haýal etmän ýoluny üýtgetdi.Uly tizlik bilen barýarkalar Tawus gyzynyñ kellesinden sypalap dillerini dilegsiz goýmady.Hassahananyñ gapysyna geldiler, Tawus gyzyny göterip howlukmaç ulagdan düşdi.Gelerlerine garaşyp duran lukmany gören Tawusyñ endamy jümşüldäp,gözleri duýdansyzja ýaşlara doldy.Lukman hem gözlerine ynanman doñup durdy...

Gülhanym Muhammedowa.
16
119
Feya_08
17 Iýul 2022
👍👍👍.....
zolushka
15 Iýul 2022
Gowy hekaýa dowamyna garaşýan...👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.