❤GÜLHANYYM❤
15.07.2022 21:05
Ykbal ekeni🖊

Otly menzilinde durdum garaşyp,
Gelmedi şonda-da arzuwlan bagtym,
Sagat geçdi bir-birinden ýaryşyp,
Haraba saýyndym sensizli wagtym.

Umytly dideler,sermedi keşbiñ,
Niçe adam seniñ ýeriñ tutanok.
Her hala düşürdi döreden yşkyñ,
Ýaşly gözlem özge gyza bakanok.

Wagt boldy,uramaly gulluga,
Ilkinji ädimler sensizli güne,
Aýnadan seretdim ýene umytly,
Agamyñ gollary galgady diñe.

Ýol geçdik ep-esli,nätanyş ýerler,
Depede ýazylan al-ýaşyl güller,
Göwnüm götermedi täze tanyşlar
Ah,göwnüm galyp:da,ýene bagyşlarn.

Pikir etdim,ne sebäpden gelmediñ,
Wadaly sözleriñ ynandyrypdy,
Iki ýyldan men dolanyp gelerin
Jan saglygyñ bolsa,maña ýetikdi.

Gelip ýetdik,Watanmyzyñ serhetne
Döş gerip goraryn,ene topragym,
Her gün senli süýji arzuwlam bile,
Bu ýüregme özge söýgi gatmaryn.

Paýlandy eginbaş hem-de ädikler,
Meniñem paýyma giñ possun düşdi.
Şonda-da sygmady söýen ýüregim
Seni undup bilmän gürsüldap çykdy.

Aý şöhlesi bir az köñlüm ýagtyltdy,
Seredemde gördüm nurana keşbiñ.
Birden berdaş eller egnimden basdy,
Bu Deñizhan atly gullukdaşymdy.

Gürrüñdeş bolduk,geçenler hakda,
Hem geljek barada pikir alyşdyk,
Añypdyr ol meniñ bolup ýörşümden,
"Dertdeş"ady bir-birmize dakyşdyk.

Olam meniñ deýin umytda eken,
Geçipdir başyndan ençe külpetler,
Maksatlarny aýtdy,etjek işlerniñ,
A men sessiz otyrn,şol köneje heñ.

Ele aldyp iki bölek kagyzy,
Gözlemäne durdum ýekeje galam,
Stolyñ ýanyndan tapdym köneje,
Köpleriñ öýüne salamyn beren.

Ýazdym maşgalama ilkinji hatym,
Hemmesiniñ hal ýagdaýny soradym,
Galan garyndaşlam barmyka diýip,
Başdan aýak haty ýene barladym.

Howlugyp epledim,gyrada goýdum,
Uludan dem aldym özümi dürsäp,
Saña niýetledim ikinji haty,
Ýürek gezek bermän,dymmady gürläp.

Ýazyp ýetişmedi gatan ellerim,
Aljyrap diýjeklem añymdan çykdy,
Hoşlaşmaga gelmändiññi soradym,
Jadyly gülkiñ birden,ýüregim ýakdy.

Ýary gije ýeke özüm oturdym,
Hemmeler ýatypdyr,ýadap bedenler.
Gursagyma basyp ýazan hatymy,
Ýene şüýji arzuwlarma gitdim men.

Hatym ýollap çal papakly daýydan,
Jogabynyñ tiz gelmegne howlukdym,
Her sapar şol ýola gözlerim dikip,
Misli suw ýetmeýän,towsýan balykdym.

Ine-de getirdi bir tümmek haty,
Bir başyndan paýlamaga başlady,
Deñime ýetende ýüzüm ýylgyrdy,
Bu ahwala çal papaklam ýylgyrdy.

Ejemiñ hatyny okadym haýdap,
Hemmeler sag-aman,gurgun esenlik,
Ýarymyñ hatyny açdym begenip,
Ýöne begenç boldy bir az pursatlyk.

Ýazypsyñ kagyza toýuñ bolýanny,
Meniñ gaýdan günüm halat gelipdir.
Razy edipdirler jübsi galyñ ýigide,
Göz ýaşlaryñ ak kagyzy ezipdir.

Indi näme diýjegimem bilmedim,
Nädogrydyr diýip gaýta okadym,
Ýok,dogry eken,dogry okapdyrn,
Ýöne arzuw boldy,boşlukdy,gury.

Günler geçdi,aýlar geçdi aýlanyp,
Her täze gün gam-gussasyn getirdi.
Götermek kyn düşdi aýralyk bilen,
Gulluk agramjygam üstün ýetirdi.

Ejemden soradym täzelikleri,
Señ toýuñdan başga täzeligem ýok,
Aýtdy gelinalyjyñda durman aglanñy,
Ah Ejemjanyñ menden habary hem ýok.

Wagt az galdy indi öýe gaýtmaga,
Sen ýokly dünýämde höwes galmady,
Guran gülüñ ýerne täze ekmäge,
Köýen göwnüm,aýaklarmam baglady.

Garşy aldy,ähli ýakyn-daşlarym,
Ýene gözlem didaryñy gözledi,
Bir ýerlerden peýda bolaýjak ýaly,
Gulagma mylaýym sesiñ ýañlandy.

Unudaryn diýdim,hiç unutmadym,
Wagt örenşdirdi sensiz günlerne,
Kapasa düşen guş deýin urundym,
Adyñ eşdip,bir az gürlänlerinde.

Ep-esli aý doldy öýe gelenme,
Ýöne meñ dünýämde dogmady Aýym,
Şol hatdan soñ boldy,ýalan gülkilem,
Ejemi etjekdim men saña gaýyn.

Ajap bir gün işden boşap gelýärkäm,
Ýol boýunda duşdy boý derek gelin,
Başyndaky öýme galgady ýele,
Aýak biten gyzy tutdy elinden.

Sakladym ulagmy,garadym bir dem,
Zar bolup gidipdir gara gözlerim,
Dilim barmaz indi "Ýarym"diýmäne,
Ýylgyrdym-da,açdy gapyny ellerim.

Soraşdyk hal-ýagdaý,boldy ümsümlik,
Gutladym toýyny,boýnumy büküp,
Gyzyñ görüp arzuwlarym kemsindi,
Ejiz bolsañ durmuş gynar ekeni.

"-Ýoldaşyñ ýagşymy,gowumy işler?!
Bagtly bolsañ,maña şol hem ýeterlik.
Ynjatýan däldirä,sözle,kem bolsa...
Sen şat bolsañ,meñem göwnüm göterler."

"Ýok"diýip,sözlerne berdi dyngyny,
Al ýañakdan gaýtdy,hünjili ýaşlar,
Uludan dem alyp,gürledi ýene,
"-Ýarym bolan ýatyr,
demsiz,
ýeriñ astynda."

Dillerim tutuldy,sözlerem ýitdi,
Añymda dikeldi düşnüksiz duýgy,
Ah,durmuş çakymdan agyr ekeni,
Sen neneñ gynadyñ,älemiñ beýgi.

Gülhanym Muhammedowa.
13
671
Nurmyradovna_a
18 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,Hoş gördük 🙂
❤GÜLHANYYM❤
17 Iýul 2022
Nurmyradovna_a,spasibo;)hoş geldiñiz ÖWRENMELÄ🌹
Nurmyradovna_a
17 Iýul 2022
Gowy goşgy bolupdyr👏👏👏
Feya_08
17 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,Gowy menem.Sizem hemise gowy bolun
❤GÜLHANYYM❤
17 Iýul 2022
Feya_08,Şùkùr ALLAM saglyk,öz ýagdaýlaryñyz gowumy...
Feya_08
17 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,Hoş gordük.😊 Gowumysynyz
❤GÜLHANYYM❤
17 Iýul 2022
Feya_08,täze gelen gyzlaryñ hemmesi gowja eken🌹Hoş geldiñiz;)
Feya_08
17 Iýul 2022
Haladym👍👍
❤GÜLHANYYM❤
17 Iýul 2022
Милая.G,gulluga gitmedik oglanlarda täze pikir döretmegi mümkin)
Милая.G
16 Iýul 2022
Ah gulluk😔😔😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.