barlagcy
15.07.2022 20:27
Bu dünýäden ýagşy adam ötende –
Gyýylýaryn bir ýyldyzyň ýitenne.
Ýitýär ýaş ýyldyzlar, garry ýyldyzlar.
Iň gerek ýyldyzlar,
Saýry ýyldyzlar.

Tirkeşip, tirkeşip, ýitýärler olar.
Arzuwlary bilen ötýärler olar.
Biz diriler bolsa hasrata çümüp,
Olaryň jesedin gaýdýarys gömüp.
Şo mahal
diňe bir jeset gömulmän.
Tonnalap, tonnalap arzuw gömülýär.

Bu gün gyýylýaryn
Ýene bir zada:
Olar bilen dem alyp bir dünýade,
Görsem-de jahanyň gündiz-gijesin,
Içsem-de durmuşyň ajy-süýjüsin,
Ýüregimde ýatan söýgimiň baryn
Olara dirikä gowşurmandyryn.
Olar çuň söýgimi bilmän gidipdir.
Iň uly algysyn alman gidipdir.

Ýatyr ýüregimde ummasyz söýgi,
Ony ýyl geçdikçe götermek görgi.
Sebäbi meňki däl, başgaňky olar.
Gowuşmaly kalba, gowuşmandyrlar.
Gerşimde birgiden
Amanat ýük bar.
Men – ölä bergidar,
Howply günäkär.

Kerim Gurbannepesoq
14
100
Myhman Myhman
14 Oktýabr 2022
Kerim Gurbannepedow

Kerim Gurbannepedow

Kerim Gurbannepesowyn gosgylaryndan koprak goyay
barlagcy
16 Iýul 2022
Myhman Myhman, waliykimessalam gel myhman
Myhman Myhman
15 Iýul 2022
Salam hemmeñize
ay_kiz_
15 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍
barlagcy
15 Iýul 2022
Gülşat Ataýewa, salam Gulsat gowymy bardede gorunyan arasynda seydip gelip dur. Howa ozumem yany okap gordum
gulshatayewa97
15 Iýul 2022
1nji gzk okadym bu goşgyny 🌸
Papatya
15 Iýul 2022
Kim bilip dur bir günden soň giç bolar...

TKM..
15 Iýul 2022
Men öla bergidar howply gunakar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.