“ Hiç kim leňňeje göni ýöremegi öwretmez”
Aristotel
Ähli zat içiňizdäki islegler bilen başlanýar. Sizi ýokarlygyna, ýagny üstünlige sary bir
güýç çekmäge çalyşar. Emma, ýaltalyk, gorkaklyk, ynamsyzlyk aýagyňyzdan aslyşar. Eger-
de bu päsgelçiligi ýeňip geçmegi başaran halatyňyzda, ýokarlanmaga, ýagny üstünliklere
gadam basanyňyza göz ýetirmäge başlarsyňyz. Arasynda durup, başlangyjyňyza ser
salarsyňyz.
Öz ýoluny saýlanlaryň ykbaly şeýleräkdir. Ýokarlandygyňça işiň kynlaşar,
tomaşaçylaryň köpeler. Üstünligiň gazanylmagy şol bir wagtyň özünde dowamly
ýokarlanmagyňa hem täsirini ýetirer. Bir wagtlar öňüňizde ýöreýänler, indi siziň yzyňyzy
yzarlar.
Gündizler gije bilen biriger. Bir gün seredip otursaňyz, iň ýokary wezipelileriň biri siz
bolup guwanç bilen taryhy geçmiş suratyňyzy synlarsyňyz.
Eýe bolan wezipäňiz size uly wezipeleri görmegi başarmagyňyza ýardam eder. Dag
diýip pikir edeniňiz bir gün depe bolup çykar. Haýrana galmak bilen: “Ählisi şulardan
ybaratdymy?” diýip içiňizi gepledersiňiz. Bu pursatda şükür etmek peýdalydyr. Sebäbi
birnäçe adam seniň wezipäňde bolmagy arzuw edýär.
- Eýe bolan zatlaryň, saňa eýe çykmagyna rugsat berme!