❤GÜLHANYYM❤
14.07.2022 22:39
Adam beýnisiniň täsin ukyplaryny bilýäňizmi?

Beýnide nerw impulslary sagatda, takmynan, 440 kilometr tizlikde ýerleşýän neýron boýunça hereket edýär.
***
Uzak wagtlap uklamasak, adamyň beýnisiniň temperaturasy ýokarlanýar we pikirlenmek ukyby peselýär.
***
Adam beýnisi, takmynan, 25 ýaşa çenli ösmegini dowam etdirýär.
***
Ortaça adam beýnisini  90%-e çenli peýdalanýar.
***
Beýniniň agramy bedeniň 1/50 bölegine deň bolsa-da, bedenimizdäki  kislorodyň 1/4 bölegini ulanýar.
***
Beýniniň ululygy akyl derejesine hiç hili täsir etmeýär. Meselem, Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bary-ýogy 1230 gramdan gowrakdy, bu ortaça derejeden pes, ýöne ol bilşimiz ýaly zehinli bolupdyr.
***
Adam beýnisinde uzak we gysga möhletli ýat bar we käbir maglumatlar, adatça, ýarym minutdan gowrak saklanýar. Şonuň üçin birnäçe minut ozal pikir edeniňizi ýatdan çykarmak aňsat.
***
Pikirlenmek we akyl işi beýnä tälim berýär.
***
Beýni kislorod ýa-da glýukozasyz işläp bilmez.
***
Uky wagtynda-da adamyň beýnisi işlemegini dowam etdirýär, hatda oýa wagtyndan-da has güýçli işleýär.
***
Ilkinji adamlaryň beýnisi häzirki zaman adamlaryň beýnisinden has uly  bolupdyr.
***
Adam beýnisindäki ýagyň düzümi beýleki organlara garanyňda has ýokarydyr.
***
Beýnide şol bir wagtyň özünde, takmynan, 100 trillion maglumat saklanýar.
***
Uly adamda ortaça beýni beden agramynyň 2%-ni tutýar.
***
Adamyň oňurga ýiliginiň massasy beýniden, takmynan, 50 esse azdyr.
***
Beýnä duýgular hem öz täsirini ýetirýär. Käbir adamlar aşyk bolmak diňe bir düşünje diýip pikir edýärler, emma beýle däl. Bu ýagdaýdaky adamlar beýniniň lezzet bilen baglanşykly işjeňligini bilmeýärler. Bu ýagdaýda beýnide birnäçe hadysalar bolup geçýär we adamda ýakymly duýgular döretýär.
9
47
MyratMyradow
14 Iýul 2022
👍👍👍.......
Relax
14 Iýul 2022
👍.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.