❤GÜLHANYYM❤
14.07.2022 22:31
🔅Kimde-kim bu dünýeden öten bolsa, ýöne ýatlanylyp ýörlen bolsa, şol kişi ölmez-ýitmezdir.
🔅Adam durmuşa çakdanaşa okgunly çemeleşmekden ötri ýeňillik bilen ölüp biler.
🔅Asman astynda hemmeler wagtlaýyn bolýandyr.
🔅Az zada ymtylsaň - paýyňy alarsyň, köpe çapsaň - ýalňyş ýola düşersiň.
🔅Betbagtlyk! Ol bagtyň diregidir. Bagtlylyk! Onuň gujagynda betbagtlyk gizlenip ýatandyr.
🔅Asman astyndaky ähli beýik işler owunjak zatlardan başlanýar.
🔅Kim öz çakyny bilýän bolsa, ol hiç wagt şowsuzlyga uçramaz.
🔅Özüni tanaýan adam beýlekileri hem tanap biler, özüni tanamaýan beýlekileri hem tanap bilmez.
🔅Bilýän adam gürlemez, gürleýän adam bilýän däldir.
🔅Ýigrenje ýagşylyk bilen jogap beren utar.
🔅Kim hereket edýän bolsa, şowsuzlyga uçrap biler. Kimde nämedir bir zat bar bolsa, ýitirip biler. Şonuň üçin hiç bir hereket etmeýän akylly görünýär. Çünki ol şowsuzlyga uçranok.
🔅Garşydaşyňa kembaha garamakdan uly ýalňyşlyk ýokdur.
🔅Mende üç hazyna bar, olary gözümiň göreji ýaly goraýan. Birinjisi - ynsanperwerlik, ikinjisi - aýawlylyk, üçünjisi bolsa meniň beýlekilerden öňe saýlanmazlygymdyr.
🔅Hakykat owadan däldir.
🔅Eger sen adamlaryň yzyňa düşmegini isleseň, onda olaryň yzyndan ýöre.
🔅Dana kişi özüni tanansoň özüni görkezmeýär.
🔅Dana adamyň edýän işleri ýaşaýşy dok etmeklige gönügendir, hiç wagt zat jemlemäge gönügen däldir.(*_*)
12
41
Salima
14 Iýul 2022
Dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.