ArslanYazly
14.07.2022 14:25
Ýara näme? Ýaralaryň görnüşleri. Ýara nädip bejerilýär? Ýara gysgaça dokumanyň bitewiliginiň bozulmagy hökmünde suratlandyrylýar. Ýaralanmaga sebäp bolýan köp faktor bar: batyjy, kesiji, deşiji gurallar fiziki ýollar bilen ýaralary döredýär. Aşa gyzgyn (ýanmak) ýa-da aşa sowuk (donuk) ýaralaryň käbir görnüşleriniň döremegine sebäp bolup biler. Ultramelewşe yşyk ýa-da radiasiýa ýaralara sebäp bolup biler. Kislota ýa-da aşgar maddalar himiki ýaralara sebäp bolup biler. Bedeniň käbir ýerlerine uzak wagtlap täsir etmek, aýakgap urmak, gysmak, sürtülme hem ýaralara sebäp bolup biler. Beden ýara bilen eýýam doglandan tanyşyp başlaýar. Onuñ göbegi kesilip ýara bilen şol wagt tanyşyp başlaýar we ölüme çenli ençeme gezek ýaralara sezewar bolýar. Ýaralara we köp sanly şikeslere sebäp bolup biljek faktorlaryň köpdügine garamazdan, beden bu şikesleri üstünlikli bejerýär. Munuň sebäbi, bedeniň ýaralary bejermek ukyby bilen enjamlaşdyrylmagydyr. Ýaranyň ýapylmagy ýa-da ýarany bejermek genetiki taýdan eýe bolýan ukybymyzdyr. Köp öýjükleriň bu maksat bilen işlemek ukyby bar.

Bedeniň islendik böleginde dürli görnüşli ýaralar peýda bolansoň, "lagtalanma" prosesi güýje girýär. Lagta, ýara ýerinden gan ýitmeginiň öňüni alýar we ýaranyň bejergisini başladýar. Lagtalanmany başladýan öýjükler ýaranyñ töweregini arassalaýan we ýara ýerinde dokumany abatlaýan öýjüklere habar edýär. Bu öýjükler belli bir yzygiderlilikde hereket edýärler. Ýara ýeri keseki jisimlerden, mikroblardan, öli dokumalardan arassalanýar, ýaranyň boşlugy täze kapillýarlar we birleşdiriji dokuma öýjükleri bilen doldurylýar. Döredilen abatlaýyş dokumasy täze deri bilen örtülýär. Ýara doly ýapylansoňam, abatlaýyş dokumasy ýetişýär we birnäçe gün we aýlap güýçlenýär.

Daşyndan seretseň ýönekeý ýaly bolup görünýän bu prosess, aslynda gaty çylşyrymly prosessdir. Ýara bejerilýän wagtynda dürli öýjükler, dürli himiki maddalar we ösüş faktorlary belli bir tertipde gatnaşýarlar.

Ýiti ýaralar

Käbir ýaralar garaşylýan wagtyň içinde hiç hili kynçylyksyz bejerilýär. Ýaralaryň bu görnüşlerine ýiti ýaralar diýilýär. Ýöne sagaldyş wagty ýaranyñ görnüşine baglylykda üýtgeýär. Uly we çuň ýaralar ownuk we ýüzleý ýaralardan has köp wagt alýar. Çagalaryň ýa-da ýaşlyk döwründe ýaralarynyň gysga wagtyň içinde sagalýandygyny her kim görüp biler. Uly kesiş uzak wagtyň dowamynda bejeriljekdigi sebäpli, hirurgiki tikiş wagty gysgaldýar. Şoňa görä, başarnyksyz ýara birnäçe günden birnäçe hepde aralygynda bejerip bilýär. Ýiti ýaranyň görnüşleri garaşylýan wagtda öz-özünden bejeriljekdigi sebäpli, edilmeli zat, bejeriş üçin degişli şertleri üpjün etmek we bejergini gijikdirýän ýagdaýlardan gaça durmakdyr.

Mysal üçin, ýaranyň ýerini arassa saklamak möhümdir, sebäbi ýaranyň mikroblar bilen ýokaşmagy bejergini bozar. Ýene-de ýaranyň guramagy bejergini gijikdirjekdigi sebäpli, ýarany çygly gurşaw bilen üpjün etjek ýapgy bilen ýapmak bejerginiñ wagtyny gysgaldýar.

Hroniki ýaralar

Käbir ýaralar giç bejerilýär, kyn dikelýär ýa-da asla bejerlenok. Şeýle problemaly ýaralara hroniki ýada dowamly ýaralar diýilýär. 4-6 hepdäniň ahyrynda bir ýara doly bejerilmedik bolsa ýa-da 4 hepdäniň içinde hiç hili bejeriş alamatlary görkezilmese, dowamly ýaranyň ýüze çykýandygyna düşünilýär. Ýaranyň dowamlylygynyň sebäbi näsagyň umumy ýagdaýynyň aýratynlyklary bolup biler.

Mysal üçin;

• Näsagda süýji keseli bar bolsa,

• Näsagda damar dykylmagy bar bolsa,

• Näsagda kadaly iýmitlenmeýän bolsa,

• Näsag aşa garry bolsa,

• Ýürek keseli, dem alyş ulgamy keseli, böwrek keseli, bagyr keseli , rak, näsagyň umumy ýagdaýyna zyýan ýetirýän revmatologiki keseller, immun ulgamynyň keselleri we ş.m. bar bolsa, ýara giç gutular.

Başga bir tarapdan, ýaranyň dowamlylygy ýaranyň ýerleşýän ýeri bilen baglanyşykly sebäplere görä bolup biler.

Mysal üçin;

• Ýara ýerinde keseki jisim bar bolsa. Bu obýektleriň käbiri bejeriş maksatly ýerleşdirilen lukmançylyk obýektleri hem bolup biler.

• Ýaranyň ýerinde öli dokumalar bar bolsa,

• Ýara mikroblar bilen ýokaşan bolsa,

• Ýara basydan aýrylmaýan bolsa,

• Ýaranyň aşagynda süňk çykyntgysy ýaly içden basyş döredýän formasiýalar bar bolsa,

• Ýara aşa gurak bolsa ýa-da tersine, aşa köp akyntgy bar bolsa,

• Ýara gaty uly ýa-da gaty çuň bolsa,

• Ýaranyñ düýbinde açyk süñk, tendon ýaly örtülmesi kyn dokumalara hem zeper ýeten bolsa ýara giç bejeriler.
14
145
ArslanYazly
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,gy?
ArslanYazly
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,bah natdinay?
ArslanYazly
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,hiç zat bih 😁
ArslanYazly
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,gawy menem Hudaýa şükür

CrAzY Girl,nämejikler edorsyñ?
ArslanYazly
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,gowmy ýagdaýlañ?
ArslanYazly
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,näme däli gyz 🤨
ArslanYazly
14 Iýul 2022
Dusia,ýara infeksiýa düşse iriñli ýara bolarda
Dusia
14 Iýul 2022
Iriňli ýaralar nädip emele gelýär?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.