HAÝYŞYM: KaLbyŇy AraSsa SaKla..
Haýyşym, kalbyňy arassa sakla:
Seniň, gör, nähili ajap kalbyň bar.
Ýagtylýar ol, gökde ýyldyrym çaksa,
Ýeke söze umman bolup tolkunýar,
Salkynlara ol, säher ýylgyryp baksa..
Haýyşym kalbyňy arassa sakla:
Sakla ony desterhan deý päkize.
Sen iýen päkize çöregiň hakla,
Bugdaý sözüňi diý kalby päk ile.
Haýyşym, kalbyňy juda giň sakla:
Oňa asman bilen zemin ýerleşsin.
Dymyljan ruhuňy täzeläp herdem,
Ýagyş geçsin, ýagmyr geçsin, ýel geçsin!
Hapa kalpda gögermeýär ideal,
Mukaddeslik… Kalbyň jadyly guşdur,
Ol durşuna ajap, täsin bir hyýal,
Ol senem göterip, asmana uçsun.
Haýyşym, kalbyňy juda baý sakla,
Egsilmez baýlykdyr köňül söýgüsi.
Dünýäň hazynasyn berseňem hatda
Halas edip bolmaz ruhy göýdügi.
Seniň gözleriňde kalbyň görünýä,
Men oňa gudrata bakan deý bakýan.
Päk bolmagyn isleseňiz dünýäniň
Öňi bilen kalby arassa saklaň!
Nobatguly Rejepow