Aynashka
14.07.2022 08:30
«Çepbekeýiň çemi bolmaz, eden işiniň kemi bolmaz» diýilýän pähimi ulanýan halkymyz çepbekeýleriň
hem beýlekilerden pesde durmaýandygy hakynda dürli nakyllary, atalar sözlerini döredipdirler.
Çaganyň hakykatdanda çepbekeými ýa däldigini 5 ýaşdan ir anyklap bolmaýar. Sebäbi çagalar oňa çenli iki elinde hem ussatlyk bilen baş
alyp çykýarlar. Çepbekeýligi çaganyň aň, fziki taýdan ösüşiniň bozulmasy
diýip hasaplamak ýalňyşlykdyr. Çep eliň bilen hereket etmek başarnygy
çaganyň hötjetligine, islegine bagly bolman, beýniniň aýratyn işleýşine
baglydyr. Çepbekeý çagalar edil beýlekiler ýaly özüniň şahsy aýratynlygy
bilen tapawutlanýarlar. Olar hyýalbent, döredijilikli pikirlenmäge, çalt
uýgunlaşmaga ukyply, surat çekmegi halaýarlar. Şu mysallar hem çepbekeýleriň edil beýlekiler ýaly ösüşi babatda kadalydygyny subut edýär.
Çaganyň çepbekeý bolmagynyň
sebäpleri näme ?
• Nesil yzarlaýjy (genetiki) çepbekeýlik.
• Öwezini tutujy (kompensator) çepbekeýlik — göwrelilik we dogum wagtynda ýüze çykýan gaýra üzülmeleriň netijesinde kelle
beýnisine şikes ýetmek bilen şertlenen bolup durýar.
• Mejbury çepbekeýlik — sag eliniň şikeslenmesi sebäpli çep elinde
ýazmaga mejbur bolýarlar. Ýöne şeýle çagalar çep elinde owadan
ýazyp bilmeýärler, sebäbi sag el olarda esasy ugrukdyryjy el bolýar.
• Öýkünme çepbekeýlik — gowy görýän maşgala agzalarynyň hereketini gaýtalamak bilen ýüze çykýar.
• Dünýä boýunça adamlaryň içinde çepbekeýler 5-15%-ni tutýar. • 13-nji awgust Bütindünýä çepbekeýleriň gü­ nüdir. Bu baýram 1992-nji ýyldan bäri bellenilýär. • Dogulmaly wagtyndan biraz öň ýa-da soň doglanlaryň çepbekeý bolmak ähtimallygy bar. • Dünýädäki adamlaryň diňe bir göterimi iki eline-de deň erk edip bilýärler. • Meşhur çepbekeýleriň içinde Bill Geýts, Eýnş­ teýn, Nýuton, Lew Tolstoý, Aleksandr Serge­ ýewiç Puşkin, Aleksandr Makedonskiý, Napoleon, Çarli Çaplin, Leonardo da Winçi, Ýuliý Sezar, Bethowen, Mark Twen, Gýote dagy bardyr. • Alymlaryň anyklamagyna görä, haýwanlaryň içinde hem çepbekeýleri bardyr. Esasanam ak ayylar çepbekeýdir. Maýmynlaryñ bolsa 3% i çepbekeýdir.
11
93
Myhman Myhman
11 Sentýabr 2022
Hakyky men surat cekmegi halayan ozumem cepbekey😈🤗😘
Aynashka
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,😁😁😁

GoLd,tuweleme surat chekyanizmi 👍👍👍
Aynashka
14 Iýul 2022
CrAzY Girl,cep elinde yazaryna garashyandyr

GoLd,menem ikisem bolaymasam dine haty sagda yazyan galan zady chep elimde etyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.