bismark
13.07.2022 22:00
Tymsallar. Bir bay adam taze jayyna gochup baryar.Onun gorip gonshusy bar eken.Ol ona goriplik edip
zibilli bedrani gapysynda goyar...bir gun yene bir zat...Bu yagday yene bir gun gaytalanyar.Irden bay gonshusy turup howlusyna chyksa zibilli bedrani goryar.Bedrani arassalap.yuwup ichine-de bagynyn almalaryndan salyp gonshusynynka baryar.Gapy kakylandan.gorup gonshy"ahyr geldinmi?!"diyip ichini gepledip.goh etmage tayyar bolup gapysyny achya.Bay gonshy ona almaly bedrani ona uzadyp:
-her kim oz baylygy bilen paylashar!

----

Bir adam ussa jay gurdurya.oz gowy ussasy bn ayrylshasy gelman ona oynun yanyndan yene bir jay gurmagy tabshyryar.Ussa jayy gowunli gowunsiz guryar.Onki jaydan hili pes bolyar.Jayyn eyesi ussa ikinji jayyn acharyny ussa uzadyp:" Ynha bu jayy senin ozun uchin gurdurdym "diyyar.
Ussa jayy ozume gurduryany bilen bolsan has hem bashgacha gurardym diyip okunyar

----

Iki gonshy yashapdyr.Olaryn birinin oyunde gunde goh..beylekisinde asudalyk....
Birinji gonshyn ayaly adamsyna :bar gitde gonshylary gorup gayt.name un olar sessiz galmagalsyz yashayar-ka?
Adamsy seretse:gonshyn ayaly pol yuwup yor.bir sebap bilen kuhnya gityar.shol wagtam adamsa bedranin suwuny dokyar.Ayaly gelip:
-Meni bagyshla men gunakar!
Adamsy:
-sen meni bagyshla men gunakar!
Synlamaga gelen adam.gamgyn oyune gitya.ayaly soraya:
-howa name?
-Hemme zat dushnukli.Bizde Hemmesininki dogry.Olarda Hemmesi Gunakar!
DOSTA WEPALYLYK
Dost, dostluk, jora düşünjesi hemme halklarda bar. Sebäbi bu söz adamzat arasyndaky iň belent gatnaşygy aňladýar. «Dost, ýar» sözi bütin türki halklarda, hatda türki däl halklarda – parslarda, hindilerde, täjiklerde hem şol sözler bilen aňladylýar. Dostluk gatnaşygynda iň zerur edep dosta wepaly bolmakdyr. Wepalylyk nämede jemlenýär!? Ilki bilen-ä dostuň bilen hüý-häsiýetiň deň gelmeli. Eger häsiýetiň çapraz gelse, onda ol dostluk uzak gitmeýär. Adam başynyň gamly güni dosty küýseýär. Onuň göwünlik beriji hoşamaý sözüne garaşýar. Şol pursat hakyky dostlugy aýyl-saýyl edýän döwürdir. «Dost agyr günüňde gerek» diýip, ýöne ýere aýdylýan däldir.

Hakyky dost adama gamly günde ýardam berip, eseldip biler, ýasama dost hyýanat edip, peseldip biler. Ýakyn adamyň her bir ýerlikli sözi melhem bolup, gamly ýüregi köşeşdirýär. Beýik şahyr Magtymguly öz döredijiliginiň belli bir bölegini ynsan gatnaşygy baradaky tema bagyşlapdyr. Hoş günüňde hoşlaşyban gezmäge, Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy. Gamly günüň, galmagalyň üstünde Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy. Dostluk diňe kyn günde däl, ol adaty günlerde hem halypa hökmünde seni terbiýeleýär. Adam öz häsiýetindäki, aň-düşünjesindäki ýetmez ýerlerini dostundan alan görüm göreldesi bilen doldurýar. «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, dost dostuň häsiýetiniň üstüni ýetirýär. Çeper edebiýatda, kino sungatynda dostluk meselesi eseriň esasy özenini düzýär. Hiç wagt könelmejek dostluk temasy bütin şygryýetimiziň, kyssa eserlerimiziňbezegi bolup, ol okyjyda ýoldaşyňa wepaly bolmak, onuň gadyryny bilmek ýaly oňat häsiýetleri oýarýar. Adam durmuşda bilip ýa-da bilmän ýalňyşlyk goýberýär. Şonda ýalňyşyňy, aýbyňy ýüzüňe aýdyp bilen dostuňdan gaty görmän, gaýtam, ony hakyky dost hasaplamaly.

Il arasynda «Dost dostuň aýbyny ýüzüne aýdar» diýen pähimiň bardygyny ýatlap durmaly. Ol seniň göwnüňe degmezlik üçin, ýalňyşyňy aýtmanam biler, emma wagtynda biri duýdurmasa, onda-da janköýer dostuň bu barada dymsa, ol ýalňyşy seniň ýene-de gaýtalamagyň mümkin. Soň ol ýalňyşlyklar endige öwrülip, uzagyndan hukuk jenaýatlaryna ýazmagy-da daş däldir. Ynha, synpda algebra dersinden barlag işi geçirilýär. Sen meseläni derrew işläp bolýarsyň, emma dostuň bolup oturyşyny göreniňde, onuň kynçylyk çekýändigini görýärsiň. Ol senden goldaw isleýär. Bu ýagdaýda sen nähili hereket etmeli. Dostuňa «kömek» edip, oňa meseläni işläp bermelimi ýa-da öz güýjüňe daýan diýmelimi? Kömek etmeseň, dostuň gaty görjek, göçürtseň, dostuň galp baha aljak. Geljekde-detaýýar aşyň eýesi bolup, elmydama süýrege mätäç bolup galmagy mümkin. Diýmek, iki çykgyt hem oňlanylýan netije däl. Bu ýerde üçünji ýol gerek. Ol bolsa, dostlugyňhakyky bolsa, oňa öz wagtynda meseläni işlemegiň düzgünlerini öwrenmäge kömek etmeli. Şu soňky ýoly saýlan dostlar hakyky dostlardyr.

Dost umumy tanyşlaryň içinden saýlanyp tutulýar. Käwagt adam töweregindäki özi bilen oňat gatnaşyk edýän adamlaryň hemmesini dostudyr öýdýär. Emma tanyşlyk bilen dostluk diýen düşünjeler bir zat däldir. Bir baý adamyň ýekeje ogly bar eken. Ol oglanyň töweregini mydama ýoldaşlary gurşap alypdyr. Muňa eselen oglan dostlarynyň köpdügi bilen mydama magtanyp öwnüpdir. Hatda kakasyna-da: «Kaka, sen abraýly adam, üstesinede baý, emma seniň ýekeje dostuň bar. Emma men entek ýaşam bolsam dostlaryma seret. Olary sanap, aňyrsyna çykar ýaly däl» diýýär. Akylly baý ogluna hakyky dostluk barada her hili rowaýatlar, tymsallar aýdyp, ony akylyna aýlamakçy bolýar. Emma oglan kakasyny diňlemän, şol dostlary bilen keýpi-sapada boluberýär. Ogluny aňyna aýlamak üçin kakasy mekirlige ýüz urmaly bolýar. Ol oglunam ýanyna alyp, onuň dostlarynyň üstüne ýeke-ýekeden aýlanyp başlaýar. Baran ýerinde hem «Oglum atanlykda birini öldürdi, indi muny gandarlary gözleýärler. Oglumy duşmanlary köşeşýänçä, siz gizläp saklasaňyz» diýip haýyş edýär. Emma dostlary patyşanyň gazabyndan gorkup, oglany gizläp saklamagy boýun alyp bilmeýärler. Soň kakasy: «Meniň ýekeje dostum bar, ýör şony synap göreli» diýip, ogly bilen dostunyňka barýar. Baý ýagdaýy düşündirýär. Dosty: «Bä, ýaramaz iş bolupdyr. Ýöne seniň hatyraň üçin, men seniň ogluňy gizläp saklamaga taýýar» diýýär. Şu ýerde oglan hakyky dostlugyň nämedigine düşünýär. Kakasyndan ötünç soraýar we ýalýagysy «dostlaryndan» arany açýar. Kähalatda öz süýtdeş agaňa ýa-da iniňe aýdyp bilmeýän syryňy dostuňa aýdýaň, derdinişýäň. Dostuň seniň syryňy öz syry ýaly gizlin saklaýar. Öz gezeginde sen hem onuň syryny saklamagy başarmaly. Şony başarmasaň, töweregiňde syrdaş dost tapmarsyň. Şolar ýaly adamlar «Diýme syryňy dostuňa, dostuňam dosty bar» diýen nakylyň döremegine sebäp bolupdyrlar.Ynsançylykda dosta biwepalyk etmek duşmançylykdan hem erbet görülýär. Eýsem, dostlugyň arasyndaky biwepalyk näme bolup biler? Dostuň syryny paş etmek, ony ýerliksiz deliller bilen ýamanlamak ýa-da töhmet atmak, zadyny ogurlamak, göripçilik etmek we ş.m. diňe bir türkmen halkynda däl, ol hemme milletde hem ýek görülýän häsiýetdir.
9
86
H3MRX
13 Iýul 2022
Gowy tymsallar getiripsin, minnetdar!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.