Gitdigice ýitip barýan gözüňden,
Ýat boldy soraşmak aman-eseni.
Ýene menden habaryňy al ahyr,
Täzelikler bilen güýmäýin seni.
Diňlejekmi aýdaýynmy täzelik?!
O gün ýanymyzda hut saňa meňzeş,
bir mährem ýigide sataşan pilläm,
seniň eziz adyň bilen ýüzlenip,
Onuň sen dälligňe ynanyp bilmän...
Bilýämiň neneňsi o:da düşenmi...
...(Gülmesene bolup ýörşüme dünýäm).
Ýene bir täzelik soňky günlerde,
Ynan... aýdym diňlemegi taşladym.
Çünki aýdymlaram meniň adymdan,
Saňa ýazlan ýaly bolup başlady.
Sazlaram dünýämi daraltýar barha,
Wysal islän arzuwlarym paşmady...
Görmäge gidemde (atynyp gördüm),
Boýdaşymyň toýy üçin kürtäni,
Aýnada özüme synladym durdum,
Gözöňümde peýda boldy örtäniň...
Jorama bagt diläp salsyz ýylgyryp,
Kemsindim ýoklugna senli ertämiň...
Eh borla, düşünseň täzeliklerem,
Senli könelikleň basýar depesin.
Jany sag gez! Ýaran bolsun Hak saňa
Eý söýgi dünýämiň gaýnan nepesi!