zumerret_
13.07.2022 09:55
Her kim suluw men diýr,
ygtybar olmaz,
Sünbül saçy, gylça bili bolmasa;
Ýürekleri at başy dek batyrlar,
Hatynça ýok, at-ýaragy bolmasa.

Näler görejekdir bu şum köňüller.
Hazan ursa, solar açylan güller,
Bag içre saýraşan şeýda bilbiller,
Torgaýça ýok, gonar güli bolmasa.

Sözleseň, her ýana öwser bu tiller,
Ýel urpakdan aşsa, şuwlar şemallar,
Ýaşylbaş sonalar, gazlar garkyllar,
Haly-harap düşer köli bolmasa.

Guşlar uça bilmez guruk-ganatsyz,
Aşyk ýara ýetmez dady-perýatsyz,
Bir bedew hanazat bolar syýaksyz,
Gurugy, käkili, ýaly bolmasa.

Ahyrzaman bolsa, şyhdan päl gaçar,
Kelamnyň ýüzünden hat galman öçer,
Meýdandaky suwsuz aryga ogşar –
Her kimniň sahawat-haýry bolmasa.

Başyň goşma gadyr bilmez bezzada,
Goşsaň, goşgul aşyň bir asylzada,
Howada ýagmazak meňzär buluda, –
Her kimiň hümmeti, haýry bolmasa.

Magtymguly, biliň, şundag zamandyr,
Şindi haýyr bolsa, soňra zyýandyr,
Är ýigidiň içi doly armandyr, –
Gara göz, inçe bil ýary bolmasa.

Magtymguly Pyragy
9
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.