Poet
13.07.2022 00:04
JAHYL SÖÝGI

Çyn söýüpdim ýürekden,
Duz datmandym çörekden,
Ýeke gezek seretsem,
Ýene seretsem diýip.

Aý asmana bakanda,
Aňda, huşda, naharda,
Güýzde, gyşda, baharda,
Kalp gobsundy sen diýip.

Günler geçdi, aý geçdi,
Güýzler geçdi, ýaz geçdi.
Söýgiň kalba güneşdi,
Gitdiň güneş däl diýip.

Çykar diýdiň ýadyňdan,
Şeýdip gitdiň ýanymdan.
Näme geçdi aňymdan?
"Kararyňdan dän" diýip.

Iň soňkyja pursatda,
Ýürek urdy gursakda,
Umyt etdim sen hakda,
Belki, gelersiň diýip.


Bellik:
"Iň soňky post..."
13
138
MissBoss♕
30 Iýul 2022
Myhman Myhman,niresinde komek gerek?
Myhman Myhman
30 Iýul 2022
Nm un registrasiya edip bolanokka
Poet
16 Iýul 2022
Altynayyy, bolup biler...
Altynayyy
15 Iýul 2022
Govy yazpsynyz yene yazsanyz name
H3MRX
13 Iýul 2022
Poet, dowam, dowam!!!

Biz entak okamaly sizin goşgularynyzy, gowy yazyanyz, oz ayratyn doredijiliginiz bar!
Poet
13 Iýul 2022
Serwi,Milaya_🌺, goşgular gutardy

Bular menin 10-11nji klasda düzen goşgularym...
perizadym
13 Iýul 2022
Näme üçin iñ soñky ? 🙄 Nirää ??? Öwrenmeli.bilen galyñ ✨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.