❤GÜLHANYYM❤
12.07.2022 23:55
Göriplik — içigaralyk, bahyllyk ýaly sözler bilen bir manyda ulanylýar. Umuman, adamyñ özüne degişli bolmadyk baýlyga, ylma, owadanlyga, bagta, ýan-ýoldaşa, üstünlige we ş.m. zatlara eýe bolmak arzuwydyr. Geliñ, göriplik duýgusynyñ adamda ýüze çykmagyna sebäp bolýan faktorlara seredeliñ:

1-Birini ýigrenmek duýgusy: Biriniñ başyna bir betbagtçylyk gelen wagty begenmek.

2-İçigaralyk ýa-da bahyllyk duýgusy: Biri onuñ ýanynda baýlygyndan söz açan wagty, oña bolan ýigrenjiñ döremegidir.

3-Gedemlik ýa-da ulumsylyk häsiýeti: Ŷagny, “olam adam menem adam onda nädip munça baýlyk, owadanlyk ýa-da ylym bolup bilýär?” — diýip gynanjyny ýüze çykarmak.

4-Maksadyna ýetip bilmezlik duýgusy: İki okuwçynyñ arasyndaky bäsdeşlik ýa-da firmalaryn öz arasynda müşderi ýygnamak üçin bir-birini garalamagy ýaly mysallar berip bileris.

5-Men-menlik duýgusy: Ŷagny, özünden başga hiçbir adamyñ ony geçip biljegine ynanmazlyk.

6-Özünde bar bolan bu häsiyeti görmezlik ýa-da kabul etmezlik duýgusy: Umuman, bular ýaly gylyk-häsiýetiñ özünde barlygyna ynanmazlyk.

Adam bular ýaly duýgulara duçar bolanda, nädip saplanmalydygy baradaky soraga, geliñ, birlikde jogap gözläliñ! Adam ilki bilen özünde bar bolan bu duýgyny anyklamaly we ony aýyrmak üçin herekete geçmelidir. Bu erbet duýgulary ýüze çykarmazlyk üçin özüne az-kem zor salmalydyr. Beýleki adamlaryñ baýlygyny, mertebesini ýa-da şanyny we şöhratyny sorag ideg etmek üçin azara galmaly däldir. Göriplik duýgusy ýüze çykan wagty, ony garşydaşyna bildirmezlikdir. Göriplik bildirýän ýoldaşyñ bilen dostlugyñy, ýagny, arañyzdaky bagy hasam berkitmek üçin kömek etmek ýaly zatlara ýüz tutup bileris. Bu ugurda öz işiniñ ussatlary bolan degişli ynsanlardan akyl we ruhy taýdan goldaw almak hem gerekli hem-de peýdaly bolup biler.

Geçmişimizde görüpligiñ ýüze çykmagyna bir waka sebäp bolan,şol haýsy waka?
11
40
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.