Gülhan
12.07.2022 21:43
Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsâm moý açdy.
Gör nije ýyl "dymp" etmedik ýüregim,
Edil şugün jibir-jibir dil açdy,
...İller ýaly diýmeseňde "garaşgyn",
...Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym Enem bilen Atama..
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdir ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
... Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
İliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýämi ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän ... şu zatlardan çekinýän,
Halyň niçik, daş gulakdan soraşdym,
... Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäne käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr.
Ynanýaňmy men hiçkime "garaşsyz"
... Garaşdym.

Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup gaçara.
Derdim çekişeňok asyl özüň Dert
Sen hossar däl saňa syrym açara,
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
... Garaşdym.
14
151
menesa___
17 May 2023
Halyň niçik,daş gulakdan soraşdym, Garaşdym :'(
Kalbymdaky_Arzuwlam
13 Iýul 2022
Salam gowymy yagdaylarynyz gowy gosky 👍
Relax
12 Iýul 2022
Dusia,Gülhan,. Köne versiýlary ulanjak boluñ şolar govy işleýär
Gülhan
12 Iýul 2022
Dusia, onat ishlanokla şolam
gulshatayewa97
12 Iýul 2022
Gowy görüpdim şu goşgyny intrnetde okamda😍
Dusia
12 Iýul 2022
YGurbanaly23,🙄💥
ylham_gurbanaly
12 Iýul 2022
Dusia, oýun edýän, beh derrew patrak bolma:)
Dusia
12 Iýul 2022
YGurbanaly23, näme üçin

Saňa ýazamok arkayn bol agam Gülhana diydim
ylham_gurbanaly
12 Iýul 2022
Dusia, gowy bolupdyr:))
Dusia
12 Iýul 2022
Wahey

Mende imo yazanlarym gidenok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.