Her gyşdan soň gelýändir bir ýaz,
Ýaz gelende dünýä dolar şatlyk, saz.
Bilmen, haçan geler meniň üçin şol ýaz,
Bilmen, haçan çalar kalbymda şol saz.
Her şerde bardyr elbet bir haýyr.
Her “şer” iň soňunda “haýra” beslener.
Meň “şerimiň” soňunda barmy şol “haýyr”?
Meniň “şerim” haçan “haýra” beslener?!
Näme üçin meniň beýle sustum pes?!
Näme üçin meniň köňlümde kine bar?!
Eý akmak! Beýdip peselip ýörme,
Eliň bar,
aýagyň bar,
kelläňem gurat.
Şol zatlaryň sagdygyna
sen Hudaýa şükür et!
“Sabyrly gul dura – bara şat bolar”
Näme, eştmänmidiň sen şol nakyly?!
Şu günüňe Şükür et, ertäňe doga,
Nesip bolsa,
şeriň beslener
şol arzyly Haýra.