MERSEDES MAŞYNYŇA YER
TAYYARLA!!!
Çendenaşa hyýalbentlige göz yumup, hakyky
durmuş bilen ýaşamagy eý görýärin. Akylyma
we başarnygyma görä ýüzlenýän adamlar
mende hormat duýgusyny döredýär. Şonuň
üçinem aýdýan käbir zatlarym saňa birbada
geň görünmegi mümkin. "Haçandyr bir wagt
satyn aljak "Mersedes" maşynyň üçin şu
wagtdan ýer taýýarla" diýsem, ýüzüme
çiňerilip seredersin. Ynan, men oýun edemok
ýa-da hyýallaryň üstünde uçup yöremok.Bu
yerde saňa ýetirjek bolýan zadym, uly
arzuwlaryňa örän uly ähmiýet bilen
bakmalydygyny ýatlatmak isleýärin. Arzuw et,
özi hem uly arzuw et, göz önüne getir we
garaş. Oňa ýetmegiň diňe wagta bagly. Arzuw
edeniňde, özüňi wagtdan başga zada mätäç däl
ýaly duý.