bismark
12.07.2022 00:19
ÝAGŞYLYK

Halypalyga ýeten bir dana kişi garrap, tapdan düşensoň, öz şägirdine bir hat beripdir, ony özi älemden gidensoň
açmagy we özüniň mirasdüşerine görkezmegi tabşyrypdyr. 0l hatda şeýle ýazylypdyr: «Men bu şägirdimi
halamazdym». Şägirt hatyň mazmuny bilen tanşansoň lapykeç bolupdyr we:
—Meniň halypam şeýle bir rehimdar adamdy welin, onuň maňa eden ýagşylygy şu dünýäde mümkin bolan in
beýik ýagşylyk bilen deňeşdireniňde köp bärden gaýdýar. Şonuň üçin ol özüni maňa ýagşylyk etmedik hatarynda
goýupdyr — diýipdir.Aradan bir ýyla golaý wagt geçensoň, haiypanyň mirasdüşeri şägirdi ýene ýanyna
çagyrypdyr we şol haty ýene bir gezek düşündirmegini haýyş edipdir.
—Indi men ondaky «halamazdym» diýen sözüň hakyt dogry ekendigine göz ýetirdim — diýip, şägirt aýdypdyr.
— Adaty adamlar özlerinde özgeler bilen paýlaşar ýaly ähmiýetli zat ýok bo­lan halatynda dostlukly gatnaşygy
magtamaga çalyşýarlar. Adamlara hazyna paýlaýjynyn rehimdarlygy ýa-da zalymlygy bilen biziň işimiz bolup
bilermi? Aýdaly, eger bir hyzmatkär soltanyň paýlamak üçin beren altynlaryny paýlap duran wagtynda, onun
ýylgyrýandygynyň ýa-da hyrsyzlygynyň, eýsem, ähmiýeti barmy? Kimdir biri ýagşy niýet bilen süýji hödürläp
biler. Lukman derde em bolýan dermanlary ulanýar, onuň adamlara nähili gelýändigine — ajylygyna ýa-da
süýjüligine garap durmaýar.
IKI BAÝ
Bir wagtlar, bir çakda bir tütjar bay adam ýaşapdyr. Günlerde bir gün adatdan daşary baýlygy bolan başga bir
adam hakyndaky myş-myşlar onuň hem gulagyna baryp ýetipdir. Şonda menden bay adam ýokdur diýip ýören
birinji bay adam:
—Meniň hazynamyň baýlygy sanardan kän, onuň hasaby bilerden gaty köp. Hatda patyşalarda hem meniňki
ýaly köp baýlyk ýokdur, onsoň şol baýyň baýlygy nädip meniňkiden köp bolýarmyşyn? Gideýinde, onuň
hazynasyna bir bakyp göreýin, ol nähili hazynanyň eýeä? — diýipdir.
Şol niýet bilen birinji bay ikinji baýyňka gelipdir-de, ondan hazynasyny görkezmegi haýyş edipdir.
0l adam baýyň haýyşyny dessine berjaý edip, oňa içi bugdaýdan, arpadan doly sanýetmez ammarlaryny
görkezipdirhem-de begenjini, buýsanjyny gizlejegem bolman:
—Ine, görseň, Hudaý meni nähili sahylyk bilen sylaglapdyr! — diýipdir.Hälki bay göwnüýetmezçilik bilen:
—Mende seniň bugdaýlaryň sanyna barabar lagly-göwherim bar, ýöne men şonyda baýlyk hasap edemok
—diýipdir-de, yzyna gaýdypdyr.
Indiki ýyl hasylsyz ýyl bolupdyr. Bir döwüm çörek tapmak hyllalla bolupdyr. Hemmeler aç galypdyr.Bay adam ammar-ammar bugdaýy bolanyňka ummasyz sowgat bilen hyzmatkärini ugradypdyr, lagly-
göwherlerini we gymmatbaha daşlaryny iberipdir hem-de onuň öwezine bugdaý ýollamagyny haýyş edipdir,
ýöne ol kişi bay adama hiç hili jogap bermändir.
Bay adam başga çykalga tapmansoň, däne üçin ummasyz köp baýlygyny düýe kerwenine ýükläp, bugdaýy
bolanyňka ugradypdyr.Ammar doly bugdaýy bolan kişi onuň iberen gymmatbaha zatlarynyn birini hem alman
yzyna gönderipdir we:
—Men hiç bir baha dänämi satmakçy däldirin, näçe töläbem bolsa alaryn diýip niýet edip oturma. Ýöne mana
aýalyňy iber-de, näçe bugdaý gerek bolsa alyp gidiber — diýip aýtmagy tabşyrypdyr.
Bay adam bu habary eşidip, diýseň hapa bolupdyr.
—Eger men oňa aýalymy bersem, il-gün, dostlarym maňa name diýer? Onda bugdaý meniň nämäme gerek
bolar? Eger men onuň diýenini etmesem, onda ol maňa däne bermez, däne bermese-de, çagalarym
açlygyndan öler.Bay adam başga çykalga görmänsoň, aýalyny ata mündürip, ýola salyp goýberipdir.
Bugdaýly kişi baýyň aýalynyň ýetip gelýänini görüp, oňa:
—Meniň baýlygyma göwni ýetmän giden ulumsy baýyň indi mugyra gelendigine ynandym. Şonuň üçin näçe
bugdaý alasyň gelse al-da, yzyňa gaýt — diýipdir.
Şeý diýip, ol bir kerwen bugdaý bilen baýyň aýalyny yzyna ugradypdyr.
DEMIRÇI USSA WE ŞEÝTAN

Şam (Damaskyň gadymy ady) şäherinde bir demirçi ussa bar eken. Ol sebäp bolsa-bolmasa, şeýtana söger
eken. Şeýtanlar mundan ýokuş görüpdirler, olar özaralarynda dil düwşüp, demir-çi ussa duzak gurapdyrlar.
Şeýtanlaryň biri gojanyň sypatyna girip, onuň ýanyna barypdyr hem-de özi bilen bir ýaş ýigidi, öz ogluny hem
getiripdir. Ol ussa ýigrimi sany gyzyl teňne berip:
—Oňa öz hünäriňi öwret — diýipdir. Ussa muňa begenipdir, ony ussahanasynda alyp galypdyr we oňa gowy
tälim bermäge söz beripdir.Aradan iki aý geçensoň, şeýtan ýene gojanyň sypatyna girip, demirçi ussanyn
ýanyna gidipdir. Oňa ýigrimi sany gyzyl tenňe beripdir-de:
—Men indi garrap, halys çagşadym, mejalym gutardy. Ine, sana muzd. Şuny al-da, meni eredip, täzeden otuz
ýaşly adam edip ýasap ber — diýipdir.
Demirçi ussa sögünçli söz bilen şeýtanyň adyny tutdy. Soňra:
—Eýsem, şonuň ýaly işi adam ogly başaryp bilermi? — diýip sorapdyr.
Şonda onuň şägirdi dillenipdir:
—Puly al! Men galaýy eredýäniň ogly. Şonuň üçin ony nädip eretmelidi-gini men bilýärin.
Şeýtan—ähli şeýtan işleriniň ussady. Olar gojanyň el-aýagyny towlaşdyryp daňýarlar. Körüge kömür guýup ýel
berýärler.Goja güýjünde baryny edip, gygyryp başlapdyr:
—Oý, ah, wah, ýanýan-eý, ýakmaň meni beýle!
Ýöne olar körüge ýel bermegi has-da güýçlendiripdirler. Heý, şeýtany otda ýakyp bolarmy? Aradan ýene
birnäçe wagt geçensoň, otdan otuz ýaşlaryndaky bir adam çykypdyr. Muňa hemmeler geň galypdyrlar.
Şondan soň:
—Bu demirçi ussa şeýle işine ökde welin, iki ýüz ýaşly gojany ýigrimi ýaşly ýaş ýigide öwrüp bilýar — diýip
myş-myş ýaýrapdyr.Bu habary Şamyň kazysy hem eşidipdir, ol gaty garran adam eken. Ol ussa iki ýüz tylla
teňňe getirip beripdir-de:
—Meni-de eredip, täzeden ýasa! Ussa boýun alypdyr, çünki ol, hakykatdanam, şeýle hili işleri-de
başarýandyryn
öýdüpdir. Gojany üç epläp daňypdyrlar-da, oda dykypdyrlar we körüge ýel berip başlapdyrlar. Közden galan küli agtaryp görenlerinde, hiç zat tapmandyrlar: kazy görgüli küle öwrülipdir. Bu etmişi üçin demirçi ussany
tutupdyrlar-da, eden günäsini boýnuna goýup, dardan asypdyrlar.Ine, şeýdip, şeýtanlar ondan mekirlik bilen ar alypdyrlar. ✔ Hurma

Ir döwürler alys ülkeleriň birindäki kiçijik mekdepde ýaşuly mugallym edep, grammatika we matematika derslerinden bilim berýän eken. Ýöne ol örän gaharjaň hem-de talapkär bolansoň, okuwçylar ondan öler ýaly gorkýan eken. Garagollyk edäýseler dagy....
Garry mugallym okuwçylar öý işlerini ýerine ýetirýän wagty hem-ä olardan gözüni aýyrmaz, hemem tejribehanadaky tekjeden kiçijik sebedini çykaryp, içinden nämedir bir zatlar alyp, işdämenlik bilen iýer eken. Okuwçylara-da:

- Bu sebetdäkileri elläýmäň, sebäbi ol ululara niýetlenen, çagalar iýse, zäherlenip ölmegi mümkin - diýip, gaýta-gaýta tabşyrar eken.

Mugallymyň bu sözleri okuwçylaryň bilesigeljiligini hasam artdyrypdyr. Ýöne näçe jan etseler-de, olar mugallymlarynyň näme iýýändigini bilip bilmändirler.
Ine, bir günem mugallymyň işi çykyp, şähere gitmeli bolupdyr. Gitmänkä-de:

- Men ýok wagtym dersiňize oňatja taýýarlanyň, hergiz garagollyk ediji bolaýmaň! - diýip, okuwçylara berk tabşyrypdyr.

Ol şähere giden badyna bilesigeljilikden ýaňa içi byjyklap duran üç-dört sany okuwçy tekjäni açyp, şol zyýanly iýmitiň nämedigini bilmekçi bolupdyr. Görseler, tekjedäki gamyşdan örülen sebediň içi hurmadan dolumyş. Olar hurmany ilkinji sapar görensoňlar, ilkibada “ulularyň iýýän dermanydyr” öýdüpdirler. Soň welin ýüreklerini bire baglap, hurmadan dadypdyrlar.
Uly açyş edilip tapylan süýjüje zatdan azgy tagam tapan çagalar erinleriniň suwuny akdyryşyp, sebediň daşyna tegelenip oturyşlaryna, hurmanyň eýesini ýatdan çykarypdyrlar. Başda okuwçylaryň dogumlyraklary birki hurmany agzyna atypdyr. Az wagtdan soň beýlekilerem olaryň edenini gaýtalap, dem salymyň içinde sebediň düýbi görner ýaly edipdirler. “Şagalaň” sowlan badyna okuwçylar eden “etmişlerine” ökünip ugrapdyrlar. “Mugallym gelse näme diýeris?” diýşip, uly gaýga galypdyrlarBolmanda aljak temmimiz bir ýeňilräk bolsun” diýip, mugallymy ynandyryp bolaýjak bahana gözläp ugrapdyrlar. Ine, şol wagtam sapakda kän sesi çykmaýan bir okuwçy çykalga tapypdyr. Ol barypdyr-da, sen-men ýok, mugallymyň stolunyň üstündäki syýa çüýşäni ýere pylçap urupdyr. Çym-pytrak bolan çüýşeden dökülen syýa mugallymyň oturgyjynyň hemme ýerine syçrapdyr. Soňra ol stolam ýykypdyrdy-da, hemmä kişä ýerde ýatmagy, üstlerinem mata bilen örtmegi tabşyrypdyr. Ikindin çaglary mugallym dolanyp gelipdir. Tejribehananyň gapysyny açan badyna, ol ýerdäki bulam-bujarlygy görüp, haýran galypdyr. Bar ýer syýa, stolam düňderilipdir. Okuwçylar matanyň aşagyndan gözlerini tegeleşip: “Indi näme bolarka?” diýşip ýatyrmyş. Mugallym ahyry:

– Hany, aýdyň, bu ýerde nämeler boldy? – diýip, gaharly gygyrypdyr.

Şol pursat bir garagol okuwçy ýuwaşlyk bilen ýerinden turupdyr-da, gorkusyndan gan-pet galmadyk ýüzüni aşak salyp, söze başlapdyr:

– Ýoldaş mugallym, arakesmede oýun oýnap ýörkäk, bilmän stoluňyzy ýykyp, syýa çüýşäňizi döwäýipdiris. Onsoň näme etjegimizi bilmän, bu agyr etmişimiz üçin “Bir öläýmek galýar” diýşip, sebediňizdäki zäherli iýmitleriň baryny iýdik. Indem haçan zäher bildirip başlarka diýip, ölüme garaşyp ýatyşymyz. Eden işimize gaty ökünýäs, bizi bagyşlaň, ýoldaş mugallym!

Ýaşuly mugallym uludan demini alypdyr-da, ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän daşaryk çykypdyr. Soňam: “Görýän welin, çagalar ulalýar öýdýän” diýip içini hümledipdir.
4
33
ay_kiz_
12 Iýul 2022
Gaty uzak dälmi? Şonda-da okadym😊👍
perizadym
12 Iýul 2022
👍👍👍👍👏👏👏✨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.