Gurgenchli
11.07.2022 19:23
Maldiw ýa-da Bagam adalarynda çagaňyzyň enekesi bolup otyraryn. Gymmat däl.

Eger-de ýekeje adamyň dünýäni üýtgedip bilýändigine ynanmaýan bolsaň, Uhan-yň bazaryndaky ýerganaty iýen adam hakda pikir et.

Men öz 34 ýaşymda günde ir bilen 8 km ylgaýan, 1 sutkada 14 sagat işleýän, 3 sany firmam bar, şol arada iki sanyda motiwasiýa barada kitap ýazýan. Sonda hem maşgalama, dostlaryma we karaokide aýdym aýtmana wagt tapýan. Görýäňizmi, ähli zat mümkin eger-de adam azajyk jypdyryp ýazsa.

Durmuşda puly şeýle gazanmaly welin, senin işsiz aýalyň instagramda instaganjyklara nädip ýaşamany öwretsin.

-Durmuşymda ähli gyzy şol bir komplimendim bilen yrdym.
-Meni yryp bilmersiň.
- Yrmarynam. Sebäbi sen başgalar ýaly däl. Sen - aýratyn, gaty üýgeşik. Sen ýaly gyza men ilkinji gezek duşýaryn.

Işde soňky galan 1 sagat kyn. Sebäbi sen eýýäm hiç iş zat etmek isläňok... yöne etmeli. Sebäbi başdaky 7 sagat youtube görüp çaý içip otyrdyň.

"Sen adamlar bilen diňe peýda bolsa gatnaşýaň" diýdi bir peýdasyz adam.

Türkmenistanda iki sany ullakan problema bar. Olaryn birine men öylendim, beylekisi hem ejesi.

Erbet ýagdaý, öýe gelýän, youtube-de görer ýaly normal wideo yok. Sebäbi işde ähilisini görüp gaýtdym.

Cowboy amerikanyň günbatarynda salunyň gapysyny depip açyp, müşderilere iki elindäki rewolwerlerini çenäp:
-Kim meniň gyz doganym bilen ýatyp, onyň hormatyny depeledi?
Ümsümlik. Salunuň burçundan biri:
- Biziň ählimize oklaryň ýetmez.

-Siziň ogluňyz partada çybyny janly ýaly edip çekipdir welin, ony urjak bolup elimi agyrtdym.
- Onyňyz hiç, men wannyda çekilen krokodili görüp, gorkunjyma çekilen gapydan çykyp gidipdirin.

-Sen kir yuwup, nahar taýýarlap, gap-çanaklary ýuwup bileňokmy? Hatda öz ejeňe çaýyny hem demläp bileňokmy? Blýaa, dost, bu döwür haýsy gyz soň saňa durmuşa çyksyn?!

Düşünip bilemok, näme üçin kinolarda adamy alyp gaçsalar, agzyny skotç bilen ýapýarlar? Bu içgysgynç. Has gowusy agzyna lampoçka dykmaly, bu ygtybarly we gülkünç görünýär.

Arkasyndan gujaklap, boýnundan, gulagynyň aşagyndan ogşamak, bu iň romantiki pursat. Yöne awtobusdaky adamlar näme gaharlanýarlar bilmedim.

@gara_gujuk
11
109
Relax
11 Iýul 2022
Hemmesi👍
gulshatayewa97
11 Iýul 2022
Iň soňka güldüm😂😂😂
Gurgenchli
11 Iýul 2022
Siz haýsy sarkazmy has haladyňyz?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.