Eý dostlar, aýdyň maňa, näme zat söýgi?
Bilemok men, o nähili “üýtgeşik” duýgy.
Aýdyň maňa, ol burç ýaly ajymy?
Aýdyň maňa, ol bal ýaly süýjümi?
Aýdyň maňa, ol belki şordur,
Belki – de ol zadyň tagamy zordur...
Oň tarypyn “süýjedip”, şahyrlar ýazdy.
A men bolsa ony häzir “ajatjak”
Sebäbi ol ýalan, gereksiz duýgy.
Çala meýil etseň seni aglatjak
Ters düşünmäň, maňa ýetmedi şol zat.
Şonuň üçin ony azajyk “ajatdym”
Belki maňa – da şol zat gerekdir.
Şoňa garaşyp, men – ä indi “ajykdym”...