Poet
11.07.2022 00:32
WATAN
(Erkin şygyr)

Gelsin kynçylyklaryň leşgeri,
Müşgillikleriň lowlaýan ody,
Men ähli umydym bilen saňa ynanýan,
Eý, beýik milletimiň beýik ady!

Baýdagyň kalbymdyr,
Aýdymyň - senam.
Köpetdagyň arkamdyr,
Garagumyň - ülkäm.

Pederler
Seniň üçin çarkandakly ýollary geçdi,
Dostluklaryň aýdymy,
Parahatçylygyň baýdagy üçin göreşdi!

Seniň üçin ykballarymyz bir,
Ýollarymyz bir,
Halkymyz bir.
Seniň saýaňda ýazlaýas, dem alýas!
Milletim Seniň saýaňda Garaşsyz!
4
108
Poet
24 Iýul 2022
ŞirnazarTaganow, her kimiň öz saýlan ýoly bolýar. Erkin şygyr barada, ya-da erkin şygyr okamadyk bolmagyň ahmal. Ýöne daşary yurt edebiýatynam okamagy maslahat berýän.
ŞirnazarTaganow
24 Iýul 2022
Poet,şeýleräk goşgy düzmäni haýsy klassyk şahyryñ döredijiliginden okadyñ?Öwrendiñ?"Magtymguly ilki özüñ düzetgil Soñra özüñ özgelere göz etgil "-manysy,birinji özüñ bir zady başar,soñ başgalara öwret.Men maýdaçyllary,maýdalaşmagy halamok.Megerem düşünensiñ indi...
H3MRX
11 Iýul 2022
Poet, dogry aýtýaňyz, hakykatdanam şeýle, ýöne men başda aýdypdym kem ýerini!
Poet
11 Iýul 2022
Kyýas2017, dogrusyny aýtsam kän üns bermändirin. Many tarapdan seredeniňde çyndanam üýtgeýän eken. 👍👍👍👍👍

H3MRX, sizem Kyýas2017 ýaly goşgunyň haýsy ýerleriniň artykmaçlygyny aýtsanyz meň üçin ýalňyşlygymy düzetmek ýenil bolardy..
kyyas2017
11 Iýul 2022
H3MRX,düşündim
H3MRX
11 Iýul 2022
Kyýas2017, atalarymyzyň yhlas edip guran döwletini, agzybirlikde, parahatçylykda dowam etdireris diýjek bolupdyr
kyyas2017
11 Iýul 2022
jemlemä düşünmedim, ÝURT GARAŞSYZ BOLSA MILLET GARAŞSYZLYGY DÜŞÜNIKLI WATANY GARAŞSYZ BOLMAGYNA HALKYŇ GOLDAWY BOLÝA DÄLMI

soňky setiriňde manyny üýtgedip çapraz getiripsiň. Pederler Watan üçin, garaşsyzlyk üçin çarkandakly ýoly geçdi, soňam saýaňda garaşsyz diýýäň
H3MRX
11 Iýul 2022
Erkin şygyrlygyna şygyr welin, aýtjak bolýan zadyňy ýetirip bilmänsiň, kän özüne çekenok, duýgy ýok hiç hili!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.