Aynashka
11.07.2022 00:23
2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemine görä, Samsung kompaniýasy smartfon bilen üpjün etmekde Apple-den öňe geçdi. Bu barada “Bankless Times” neşiriniň gözlegine salgylanyp, Gizchina portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung-yň umumy üpjünçilik göwrümi 73,6 mln gurluşa deň boldy. Bu döwürde kompaniýanyň global smartfon bazaryndaky paýy 23,4% boldy. Şol bir wagtyň özünde, Apple bazara 56 mln gajet iberip, bazaryň 18%-ini eýeledi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 2,2% köpdür.
Üçünji orunda 39,9 mln smartfon we 13% bazar paýy bilen Xiaomi ýerleşýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende kompaniýanyň ösüşi, takmynan, 18% peseldi.
Iň uly brendleriň bäşligini 27,4 mln we 25,3 mln smartfon hem-de 8,7% we 8,1% bazar paýy bilen Oppo we Vivo kompaniýalary jemleýär. Bu kompaniýalar hem pese gaçyşy hasaba aldylar, ýagny Oppo 27%, Vivo 28% pese gaçyşy görkezýär.
IDC-niň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfon üpjünçiligi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,9% azaldy. Bu eýýäm smartfon üpjünçiliginiň peselendigini görkezýän bassyr üçünji çärýekdir.
4
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.