bismark
10.07.2022 16:19
Gadym wagtlarda bir ýurtda arpa, mekgejöwen we saman söwdasyny edýän baý täjir bolupdyr. Ol baý bolsa-da puly gereksiz sowmagyň deregine örän tygşytly adam bolupdyr. Günleriň birinde aýaly oňa: “Oglumyzyň aýakgaby köneldi. Täze aýakgap almak gerek!” diýip duýdurypdyr. Baý adam aýalyna gaharlanypdyr: “Bu nähili beýle bolýar-aý? Ejem maňa iki-üç ýylda bir jüp aýakgap alyp berende-de kakamyň gahary gelerdi. Biziň döwrümizde bir aýakgap alsaň bäş on ýyl geýip bolardy. Adamlarda-da hiç ynsap galmandyr, satýan zatlarynyň hili gaty pes. Şonuň üçin hem häzir biziň oglumyz iki aýda bir aýakgap zaýalaýar. Sen hem bu zatlara hiç seredibereňok.” diýip, igenmäge başlan badyna aýaly-da: “Günä mende däl-ä, aýakgaby zaýalaýan men däl ähbetin!” diýip gaharyny oglundan çykarypdyr. “Sen nähili çaga… kakaň ikimiz aýakgabymyzy iň az iki-üç ýyl dagy geýerdik. Deregi häzirki döwrüň çagalary nähilaý? Heý-de her bir-iki aýdan bir täze aýakgap almak bolarmy?” Ogly-da bu igenje: “Wah, ejejan günä mende däl ahyryn. Sizem bilýäňiz-ä öňler men bir aýakgabymy bir ýyllap dagy geýip gördüm, häzir hemme zat şeýleräk, tiz zaýalanýar. Muňa esasan hem satyjylar günäkär, satýan aýakgaplaryny iki aýdan köp geýer ýaly edenoklar-a.”

Şu ahwalatdan soňra ejeli ogul hemişe aýakgap satyn alýan ýerlerine, ýagny satyjynyň dükanyna gelip satýan aýakgaplarynyň hiliniň pesdigini aýdyp, nägilelik bildiripdirler. Şonda satyjy: “Aslynda muňa menem doly günäkär däl. Onsoňam nägilelik bildirýän diňe siz däl-ä, hemme-de şeýle. Asyl aýakgaplaryň hiliniň pes bolmagyna ony tikýänler (öndürijiler) günäkär” diýýär.

Gün-günden azalmasa köpelýän müşderileriň arz-şikaýatlaryndan, üstüne gelýänlerden has iren satyjynyň hem sabyr käsesi dolýar-da ol hem aýakgap tikilýän ussahananyňýoluny tutýar we näme üçin aýakgabyny berkden berk tikmeýändikleriniň sebäbini soraýar. Onda tikinçi: “Bu işde meniň hiç hili günäm ýok. Men aýakgabyny tikmek üçin gerekli bolan harajatlarymy kemeltmesemem soňky wagtlarda üpjün edijilerden gelýän deriniň hili o diýen gowy däl. Häzirki deriçileriň satýan derileri zaýalanan, durnuksyz we örän pes hilde” diýip düşündirýär we ol hem öz gezeginde haýal etmän deri bilen üpjün edýän täjiriniň ýanyna gidýär. Ondan näme üçin durnuksyz, çüýrük deri satýandygyny soraýar. Deri täjiri hem derini satyn alan ýerini, onsoň olar hem öz gezeginde derini tabşyrýan süriniň eýesini günäkärleýär. Süriniň eýesi bolsa: “Men size öküziň derisini satýan. Asyl deriniň özi gowy bolmasa men günäkär däl ahyryn. Bar günä öküzde!” diýip jogap berýär.

Süriniň eýesi hem yzygiderli gelýän arz-şikaýatlardan halys irip, ahyrynda bir gün derisini tabşyrmaly gezegi gelen öküzlerden birini tutýar-da: “Siz meni täjiriň öňünde şeýle bir utandyrdyňyz!” diýip käýemäge başlaýar. Şonda öküz hem: “Bu işde biz öküzleriň hiç hili günämiz ýok. Öňler biziň derimiz örän berk bolarmyşyn. Men bar durkum bilen öz eýäme girdejili bolmaga çalyşsam-da derimi galyňlaşdyrmaga, berkleşdirmäge elimden hiç zat geliberenok. Soňky wagtlar arpa diýip öňüme goýulýanyň ýarysy toprak, samanyň deregine-de çüýrän oty berýäňiz! Ot-iýmimiz şeýleräk bolsa derimizem şoňa göräräk bolýar-da!” diýip öküz hem gowy ot-iým berilmeýändigi üçin öz eýesinden nalap, nägile bolupdyr. Öküziň eýesi bolsa: “Dogry aýdýaň, aslynda günä mende-de däl. Meniň arpa, saman satyn alýan täjirim hem-ä olaryň bahasyny ýokarlandyrdy, hemem onuň içine birnäçe bolar-bolgusyz zatlary goşýar.” diýip, täjiri günäkärläpdir we ähli bolýan zatlaryň sebäbini aýdyňlaşdyrmak üçin ot-iým täjiriniň ýanyna gelipdir.

Netije-de, täjir hem bu bolanbitenleriň esasy sebäplerini seljeripdir. Ençe pikirlenip, çykaran netijeleriniň esasynda täjir oglunyň iki aýda bir aýakgap zaýalamagynyň sebäbine ine şonda düşünip galypdyr.

Ýeňil gazanjyň nä derejede netijelenýändigine bu durmuş sapagyndan soňra göz ýetiren täjir “Zeleliň ýaryndan gaýtmak peýda” diýen pähime eýerip, şol günden soň işine akýüreklilik bilen ýapyşyp, halal işlemegi ýüregine düwüp, arassa hem-de ýokary hildäki arpadyr samanlary satmaga başlapdyr.
6
70
H3MRX
11 Iýul 2022
Gaty gowy hekaýa paýlaşdyňyz biz bilen, minnetdar!
gulshatayewa97
11 Iýul 2022
Bu diýmek bolýa ýagşylygam özüňe ýamanlygam özüňe (bar zada özümiz günäkär)
Poet
10 Iýul 2022
👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.