zumerret_
10.07.2022 14:03
Bagtly bol!
(Bagtly bolmagyñ 30 ýoly)


1. Ynam we salyh amallar ajaýyp durmuşyń syrydyr, bu ikisini mäkäm tut.
2. Ylym-bilim al, hergiz okamakdan arany üzme - bular aladalary gidirer.
3.Täzeden toba daýan-da, gabahat işleri taşla. Ters hereketler durmuşy tutuksy
görkezer.
4. Elmydama Allany ýatla, Oña bil bagla!
Adamlara ýagsylyk et, ýüregiň giñär.
5. Mert bol, gorkak, ýelýürek bolma. Mertlik ýüregiñi giñelder.
6. Yüregiñi göriplikden, kine-kitüwden, kezzaplykdan, gözboýagcylykdan we
her bir ýaramaz häsiýetlerden arassa sakla.
7. Artykmaç góz aylama, artykmaç sözleme, gerekmejek zatlary diñleme,
manysyz gürrünlere gulak gabartma, mynasyp däl adamlar bilen oturyşma,
artykmaç iýip-içme we artykmaç ýatma.
8. Netijeli işe ýüregin bilen, düýrmegiñ bilen beril, şonda ähli aladalaryiy we
gaýgy-gamlaryny unudarsyn.
9.Şu günüň bilen ýaşa, düýnüñi we ertiriñi ýadyňa salyp, gaýga batyp ýa-da
howpurgap oturma.
10.Görk-keşp, rysk, saglyk we beýlekiler babatda özüñden peslere göz ayla we
öz günüñe şükür et.
11. Bolup biläýjek in ýaramaz netijäni hem saldarlap gör, soñra şoňa görä
hereket et, birdenkä ol ýüze cykaýsa-da, ýeñip geçmek ruhy taýdan ýeñil düşer.
12. Añ-zehinihi gorkunç hyýallaryñ, eýmenç pikirleriñ yzynda sergezdan, ýesir
etme, pikiriñi yaramaz endişelerin arkasynda selpedip yörme.
13. Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we geçirimli bol. 14. Omür
öyke göterip yörerden órän gysgadyr.
15. Allanyñ berýän nygmatlaryny tükenip, hor-harlygyñ güzer etjekdigini göz
öñine hem getirip oturma, her bir ýagdaýda Biribara daýan, arkaýyn we bagtly
ýaşarsyñ.
16. Her bir müşgillige, her bir kynçylyga öz tebigy göwrümi bilen gara, olary
çişirip. göz öñüne getirme.
17. Ozüñe garsy dil düwüsýändirler öýdüp ýörme, erbetlige garaşmak ýaly
ýaramaz duýgulardan doly saplan.
18. Durmuşy ýönekeýleşdir, çylşyrymlaşdyrma. Gereginden artyk bol-telkilige
çümjek bolma.
19. Artykmaç eşret artykmaç aladadyr. 20. Bedeniñi barha ýyumşatmaklyk
ruhuna barha ezyet bermekdir .
21 .Özüñe berlen nygmatlary we başyña düşen kynçylyklary deñeşdirip gör,
haýsy birini alanyňda hem, gazanan sogabyň özüñedir.
22. Girdeji elmydama ýitgiden
üstün geler durar.
23. Adyňa aýdylan ýaramaz sözler saňa zelel bermez, ol diňe şol sözleri aýdana
Zyyan getirer. Sonuñ üçin olar hakda asla bașyny agyrtma.
24. Pikirlerihi tertibe sal, elmydama sagdyn we gowy pikir et: diňe Allanyñ
berjek nygmatlary, gazanyp boljak üstünlikler we artykmaçlyklar hakda oýlan.
25. Hiç kimden Taňryýalkasyna garaşma. Muny etmäge seniň hakyň hem
yokdur. Her bir ýagşylygy diñe Allanyň razylygy üçin etgin.
26. Ozüñe peýdaly meýilnama düz, elmydama şony amal etmegiñ pikirleri bilen
yaşa, yollaryny agtar, şol işlere meşgul bol, alada-ünjüler golayyňa hem gelmez.
27. Ähli ýagdaýlarda hem amalyň jylawyny elinden goýberme, şu gün bitirip
biljek işiñi ertire goyma.
28. Adyña mynasyp bolan, özüñe gelşip duran peýdaly hünärleri öwren, haýsy
işi edeniñde has ynjalyk tapýan bolsaň, şoña hem ýapys (ýüregin ynjalyk tapýan
peýdaly işini tap).
29. Allanyh saña beren nygmatlary hakda pikirlen, şükranalyk bilen gürle hem-
de munuň üçin Allaha șükür et.
Allanyň saña beren her bir nygmatyna: saglyk, baýlyk, maşgala, iş babatda
kanagatly we şükrana bol.
30 . Yakyn-u ýat, tanyş we nätanyş adamlar bilen elmydam güler ýüzli gatnaş,
olaryň gowy taraplaryny gör we aýyplaryna gözüñi ýum.
Adamlaryň säwligini yzarlap, gep-gürrünlerini ýaýratmagy, çylkasyz
sozlerini çintgāp, gybatyny edip yörmegi bes et.
31. Pyýada ýöremäge, sport bilen meşgullanmaga endik et, saglygyňa üns ber.
Elmydama Alladan özür-ötünç, saglyk, ýaramly hal-ýagdaý we sag-
salamatlyk dile.


Aid_al Karni - den
5
66
ylham_gurbanaly
10 Iýul 2022
Zümerret🌺, goç diýibem güjük goýýaňmy))
ylham_gurbanaly
10 Iýul 2022
Zümerret🌺, 😊 bolmasa süsjekmi goç ýaly😁😂
ylham_gurbanaly
10 Iýul 2022
Zümerret🌺, *Durmuş )
perizadym
10 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍
ylham_gurbanaly
10 Iýul 2022
Tüweleme okaýaň öýtýän muny)
ay_kiz_
10 Iýul 2022
👍🥰 7-24🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.