Poet
10.07.2022 09:13
DÖRT SANY ADAM
(Erkin şygyr)

Beýnimiň içinde dört sany adam,
Her gün kelle döwýär
Goşgularyň üstünde:
Biri goşgy ýazýar,
Biri okaýar,
Biri tankyt edýär,
Biri redaktirleýär.



GÜNBATAR PEÝZAŽY

Iň soňky pursatda berýär nuruny,
Iň soňky pursatda ýüzýär deňizde.
Indi onuň daýanmaga güýji ýok,
Günbatardan gaýdyp gelmez gündize.

Emma gitmegini islänok asman,
Gussasyndan gyzyl bolup ýanýardy.
Guşlar bolsa onuň mährinden doýman,
Bulutlaň içinden uçup barýardy.

Emma gitmegini islänok şemal,
Ýelleriň sesleri pes eşdilýärdi.
Deňiz kenarlara urunsam diýýär,
Deňiz öz-özüni köşeşdirýärdi...
10
116
Dusia
3 Awgust 2022
Kapiýany gowy getirýäň sen 👌👍
Poet
24 Iýul 2022
Papatya, 👍
Papatya
24 Iýul 2022
Beýnimiň içinde dört sany adam ... 👍
H3MRX
11 Iýul 2022
Poet, bah, meniñ-a goz onume bashgarak peysaź gelipdi velin...
Poet
11 Iýul 2022
H3MRX, Günün şöhlesi
H3MRX
11 Iýul 2022
Poet,onda deňizde kim ýüzýär?!
Poet
11 Iýul 2022
H3MRX, bärde gämi ýok dosjan, unslije oka
H3MRX
11 Iýul 2022
"Günabatar peýzaźy" gaty geň wakany gürrüň berýär, owadanlygyna, çeperçiligine sözüm ýok, ýöne deňiz näme üçin gäminiň gidýänine gynanýar??? Esasy hekaýanyň gyzykly ýerini gizläpsiň (
H3MRX
11 Iýul 2022
O nähili dört sany adam... Näme psihiki keseliň bamy, şahsyýet bozuklygyna duçar bolduňmy ýa 4e bölündiňmi??? Şondanam zat bolarmy, şahyr bolsaň dagam hemme zady özüň etmeli bolarsyňa, poet bolaýşyňy!
ay_kiz_
10 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.