❤GÜLHANYYM❤
07.07.2022 17:15
NÄME ÜÇİN KÄBIR ADAMLAR ÖZ DURMUŞLARYNDAN NÄRAZY BOLUP NALYNSALAR-DA, KESEKİLERİÑ DURMUŞLARYNY OÑAT HASAPLAP IMRINÝÄRKÄLER

Her bir adamyñ ýa-da maşgalanyñ özüne mahsus bir durmuşy bar-a?! Şeýle dälmi, eýsem? Şol durmuşdan lezzet alyp ýaşamak barka, özgeleriñ durmuşy bizler üçin has gyzykly gelip bilýär. Soragyñ jogabyny bilýänlerden bilmeýänler köp bolar.

Gynansagam, özgeleriñ ýa-da ýat adamlaryñ durmuşlary käbirimiziñ başymyzy aýlamaga dowam edýär. Olaryñ durmuşy ýa-da edýän herbir zady biziñ üçin nusgalyk bolýar. “Adamzat üçin olaryñ durmuşy idealdyr” öýdüp, olara öýkünmäge başladyk. Olaryñ gynanjyna gynanyp, begenjine begenip ýa-da bolmasa hemme durmuş endiklerini özümiziñki bilen deñeşdirip başladyk. Olaryñ durmuşy näme üçin bizi şeýle gyzyklandyrýarka? Belki, olaryň özlerinden sorasañyz, köp zatlarynyñ biziñkiden tapawutly däldigini we yzy dynmaýan kemçiliklerini hem sanaýmaklary mümkin, ahyryn?! Gysgaça: “günümiziñ ägirt uly keselleriniñ biri — başgalaryna öýkünmekdir” -diýsem ýalnyşmazmykam diýýärin. Bu keseliñ çäresi bar. Emma, bejergisiniñ diñe size, ýagny, özümize baglydygyny ýatlatmak bilen aşakdaky maslahatlary dykgatyñyza ýetirýärin:

1- Özüňize geliň! Özgelerde gözleýän köp zadymyzyñ özümizde hem bardygyny ýatdan çykarmalyñ! Hemme zady olaryñ durmuşyndan almak ýa-da göçürmek biziñ üçin hökman däldigini bileliñ!

2- Sosýal ulgamlardan azyrak hem bolsa özüñizi çäklendiriñ! Kesekileriñ durmuşyna degişli suratdyr videolaryň biziñ başymyzy aýlamagyna rugsat bermäliň!

3- Başgalaryñ durmuşyna öýkünmegiñ ýerine, belki, olaryň başarnyklaryna we maksada okgunlyklaryna hem-de öňlerine böwet bolup çykan päsgelçiliklere sabyr bilen tap getirişlerine we çözgüt tapyşlaryna haýranlyk duýmagymyz, öz ýolumyzy tapmagymyza kömek edip biler. Olaryñ durmuşyndan bize peýdaly bolup biläýjek käbir zatlary almagymyza kömek eder.

4- Näme isleýänimizi ilki özümiz anyk bileliň! Durmuşda maksat bolmasa, özgeleriñ edýän her bir zady sizi bagtdan, başarnykdan uzaklara äkider. Netijesinde bolsa ýoluñyzy tapmakda kösenersiñiz.

5- Bäsdeşlik içinde ýaşamaga ymtylmalyň! Beýlekileriñ durmuşyndan yza galmajak bolup alýan her bir gymmat baha eşiklerimiziň, iýmitlerimiziň ýa-da soñy gelmeýän peýdasyz arzuwlarymyzyň bizi ýoldan çykarjagy ikuçsyzdyr.

6- Özüñizi çäresiz, güýçsiz ýa-da gereksiz duýmajak boluň! Bu ýagdaýa sezewar bolmak çykgynsyzlyk däldir. Hemme adamyñ durmuşynda şeýle pursatlaryñ bolýandgyny unutmalyñ! Emma, bu geçijidir we umydymyzyň bizi bu çykgynsyz ýagdaýdan halas edip biljekdigini hem ýatdan çykarmaly däldiris!


15
43
guli_
7 Iýul 2022
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏
❤GÜLHANYYM❤
7 Iýul 2022
Kalp päkligiñden bir oturgyç ýasa.Eger ony sarsmaz,berk edip ýasamagy başarsañ,ol seni iki dünýäñde hem götermegi başarar!:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.