ylham_gurbanaly
07.07.2022 13:20
"Maňa düşünjek barmyka dünýäde?"-
diýip käte öz-özüme diýýän men
Belki olar azdyr, belki-de köpdür
Ýöne şolaň bardygyny duýýan men

Enesinden jyda düşen owlak deý,
Elewreýän del duýgulaň yzynda
Juwan ýaşda garrylara meňzäp men,
Pos basanja sözlerimem yzymda

Kä tekizlikde büdreýän ynama,
Hemmä deň göz bile bakanymdandyr
Alçy gopmasa bir bendäň aşygy,
Özünden öň içim ýakanymdandyr

Batanymda batgalygna gussanyň
Umytlarym golun berýär her ýerden
Şolar meni ýagtylyga çykaran,
Şolar meni şu derejä beýgelden

Adamlaň göýberýän hatalaryna
Goşgularmyň arkasyndan haýkyrdym
Bu ýolumdan dönmerin men hiç haçan
Men bireýýäm tüýkürjegim tüýkürdim

Erkek men, ýöne ýüregim ejizdir
Degip bilmen garynjaňam göwnüne
Onuňam bu dünýäde öz orny bar,
Böwet bolman sanalgyja ömrüne

Ýeke özüm kürekleýän gaýygy
Etjegimi diňe içim bilýä-de
Şonuň üçinem käteler diýýän men
Maňa düşünjek barmyka dünýäde?


Ylham GURBANALYÝEW (2020)
13
125
ylham_gurbanaly
12 Iýul 2022
H3MRX, wariant köp-ä. Hemem " У каждому есть свой вкус" . Şoň üçinem ony geň göremok.
H3MRX
11 Iýul 2022
YGurbanaly23, diyip öz-özüme diyyan... Mena birhili gordum
ylham_gurbanaly
11 Iýul 2022
H3MRX, 1nji setir sorag setir, oň özi sorag berip dur. Onsoň 2njide onuň sowaldygyny aýtmak nämä gerek!?
H3MRX
11 Iýul 2022
1nji kuplet 2nji setir "diyip öz-özüme sowal berýän men" diýseň gowy bolmazmy?
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
Milaya_🌺, Men düşünmedik bolsam bu zatlar ýazylmazdy. Düşünenler bar, olar kän. Ýeterlik şolar. Islän düşüner. Islegi ýok adam hiç haçan düşünmez... Düşünmegine-de gerekçilik ýok!
Rustamowna
7 Iýul 2022
Papindocka,Dogry aydyan
Papindocka
7 Iýul 2022
Erkegin yuregi gyzynkydanam ejiz bolyamyka diyyan yone Erkek mertebesine sylagym gaty uly bu dowurde ......pulyn kan bolsa adyn jan das towreginde dossun kan bolar ayagyn dasa degip boşaysa juwuñ dosjan son jan et isim kan bolar
Dusia
7 Iýul 2022
Özüňe özüň düşünmeseň hiç kimem düşünmeýä agam... Hiç kimem bir bähbidi bolmasa jaňam etmeýä salamam bermeýä şuňa kän ýerde şaýat boldum men...👍
ay_kiz_
7 Iýul 2022
Dogry👍👌
Ayjennet
7 Iýul 2022
Özüne düşünýän adam hemmä gerek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.