sahet_ashyrov
17.02.2020 09:24
Doly okamagyňyzy maslahat berýän we goşgynyň sizde galdyran täsirini teswirlerde ? ýazmagyňyzy haýyş edýärin!

"Sag salamat sermest bolup gezen jan,
Dört belanyň birisinden iglärler"
                             Magtymguly.

Sag salamat gezip ýören jalaýlar,
Neşe bilen aýallardan iglärler!
Elli ýaşan çal gulpakly heleýler,
Saçlaryny gara bilen ýaglarlar!

Ýaşarlyk galmady hüşgär bolmasaň,
Bir hile gurana oýun gurmasaň,
Tanyş tapyp, bermeljesin bermeseň,
Bitjegiňem bitmez, gury eglärler!

Sklatçy, dükan sürýän almasa,
Şol gije uklamaz, ýonup ýolmasa,
Söwda ugurda bir ileniň bolmasa,
Alla diýip ugran ugruň baglarlar!

Bir bada bir imrikdiler Gurhana,
Ynandylar tebip bilen porhana,
Gazanç tapman açyp kiçi kärhana,
Nebis itin samolýotly kowlarlar!

Agyzdan çykmaka synýar öwütler,
Bizdä şeyle, neneň siziň sebitler,
Ak halatly, arap reýhan ýigitler,
Araklary, piwolary suwlarlar!

Kimi görseň bir birinden gylawly,
Hajathana girseň şolam tölegli,
Öwlüýä gidilýär indi ulagly,
Tüýkülige gözlerini çyglarlar!

Ýaman bolup çykýar ýagşy öýdenlem,
Kändir aydabilmän bärden gaýdanlam,
Aman Sary ýalan bolsa aýdanlam,
Üýşüp gelip gulajygmy towlaňlar!

Awtor: Aman Sary.
9
1 108
Myhman Myhman
26 Aprel 2020
Perfect!
EmirAtaýew
18 Aprel 2020
Sps...
Myhman Baby
18 Aprel 2020
Sana gosulyan?
EmirAtaýew
18 Aprel 2020
Halamadym.
Myhman Myhman
15 Aprel 2020
Berekella Aman Sary Tuweleme gowy gosgy gaty jaydar aydylan sozler

Dine dogry zatlary yazylypdyr sps
Myhman Myhman
23 Fewral 2020
prosta dalde importny super!!!
Myhman Myhman
21 Fewral 2020
gaty gowy
pink
18 Fewral 2020
Dowur uytgeyada natjek?
?
17 Fewral 2020
Dogry yone hemmesi beyle dal. Bu goşgyñ tersinelerem bar. Az bolsalarda olar heniz bar...
Myhman Myhman
17 Fewral 2020
Bir mint
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.