Käbäñ ýatyr keselhana-da dertli,
ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn.
Lukman ömrün saklap biläýjek...şertli,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
BiR ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasýa talap edip dur jany,
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Elli müñ dollar bes, ýeke ýyl ömre,
Puluñy ejeñden sen eziz görme,
ýaýdanma perzendim,boýnuñy burma,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Ulaldypdy seni yssy mähirläp,
Beýgeldiñ han bolduñ şäherde ýerläp,
"Rak"-a uçrap käbäñ hol ýatyr derläp,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez,
Karz alsam üzmäge ömrümem ýetmez,
BiR ýyl başyñ sypar hiç zyýan etmez,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Ynha otuz ýyldyr öýden gaýdanyñ,
Bizi ýeke goýduñ,etmän aýdanym,
Wahh dert tapaýdy-da ýaşar öýdenim,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Otuz ýylda soramadyk bir şaýlyk,
Pensiýamyza iýdik,ýyrtyjak geýnip,
Ummasyz pul tapman öñüñde eglip,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Diýdi oğul "mende pul barmy näme",
Münýän Mercedesiñ altmyş müñ däne,
Maşyna dözenin dözmedi jana,
ýöne bir janam däl Eje ol Käbe,
Gynanýan pul söýmek owrülýär däbe,
Atañ bu haýyşy uçdy asmana,
"Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn