Poet
07.07.2022 07:42
DÜŞÜNMEÝÄRDIŇ
(Erkin şygyr)
"Anlatamıyorum"
Orhan Veli

Gözleriňe seretsem söýgüme düşünermiň?
Eşdermiň
Gaýalara batly urýan tolkunlaryň sesini
Ummanlarda?
Kalbymda ençe tupanlar turýar,
Bilip bilermiň sebäbini?

Üstüňde mydama bulutlar bardy,
Men bir damjasyny görmedim,
Emma bilýän,
Sessiz-sessiz ýagýardy.
Herne gussaňy bildirmejek bolýardyň.
Bolmaýardy.
Seniň juda sada gözleriň aldap bilmeýärdi.

A men?
Şol gaýanyň öňünde du:rdum.
Näçe sorasaň-da inkär edýärdim.
Saňa näçe ýakynlaşsam,
Şonça-da daşlaşýanymy bilmeýärdiň.
Düşünmeýärdiň.



SENIŇ...

Ol garasuw gözleriň ýokmudyr,
Göýä diýersiň tebigy çeşme.
Ukysyndan oýanan säherler,
Meňzeýär ol ýalkymly güneşe.

Seniň umman gözleriň ýokmudyr,
Alkymynda daşgynlaryň yzy.
Balkyldap durýar owadan gije,
Röwşenli tümlügiň täk ýyldyzy.

Seniň asman gözleriň ýokmudyr,
Ak bulutlaryň rehimsiz gary.
Bir seretseň-ä gülümsiräp dur,
Bir seretseňem şeýle gazaply.



SÖYDÜM SENI

"Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm"
Gurbannazar Ezizow

Söydüm seni, ýüregime sygdyrdym,
Söýdüm seni, has giňedi gursagym,
Bagtyň ýüregiňde joş alan wagty,
Has bagtly, has owadan pursadyň.

Söydüm ýaşamagy,
Söydüm her güni,
Söýdüm säherleri saýran bilbili,
Guşlar owazyňy duýan pursady,
Gözleriň äleme ýylgyran güni.

Söýdüm, bar saýalar Eremiň bagy,
Düzlendi zeminiň, kalbymyň dagy.
Söýdüm baharlaryň ilkinji güni,
Ilkinji gülüniň açylan çagy.
11
79
Papatya
24 Iýul 2022
Poet, üstünlik)
Poet
24 Iýul 2022
Papatya, daşary ýurt goşgularyndan ylham alan bolmagym ahmal, yöne terjime däl 🙂👍
Papatya
24 Iýul 2022
Terjime ýaly goşgular...
Poet
11 Iýul 2022
H3MRX, hmm... bolup biler. Bu goşgylaryma şu wagt seredýän welin hakyky duygy däl-de duygy partlamasy yaly bir zat duyyan menem. Teswir üçin minnetdar!
H3MRX
11 Iýul 2022
Erkin şygyr gaty gowy bolupdyr... Owadan şekillendirme bar, haladym, belli bir wakany yadyma saldy(

Iň soňky goşguda, soňky kuplet birinji setirde "soydum, bar sayalar Eremiň bagy" diýýa welin, birhili, gaty öte geçiripsiň dälmi??? Ýerine "Söýdüm, täzelendi ýürek bossany" diýseň nahilirak bolardy?
Poet
7 Iýul 2022
YGurbanaly23, erkin şygyr görnüşinde 👍

Milaya_🌺, sagboluň 👍
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
1-nji gaty birhiljek bolupdyr
perizadym
7 Iýul 2022
Balkyldap dur owadan gije , röwşenli tümligiñ täk ýyldyzy 👍👍👍👏👏..gaty üýtgeşikje zatlar tapypsyñyz✨..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.