DöwranDöwranow
07.07.2022 06:34
Instagramdaky kä bir agzalarmyzyñ haýyşty boýunça ýazylan degişme ähende ýazylan goşgy
Gözleýär!!!
Içmeýän çekmeýän nasam atmaýan
Agsam 9dan son oyden çykmaýan
Gyzdan gaçýan gyz elini tutmaýan,
Üns beriñ şeýle oglan gözlenýär!!!

Ömür boýy meniñ elimi tutjak,
Islan wagtym ýaltanman näzimi çekjek,
Şeýle ýigit bolsa durmuşa çykjak,
Habar salyñ şeýle oglan gözlenýär!!!

Islan wagtym islän zadymy etjek,
Ukymdan doýýançam galmanjyk ýatjak,
Bir aýda 15 sapar öýümize gitjek,
Şul şertlere razy boljak oglan gözlenýär!!!

Ulagy bolmasyn bolsyn bir jaýy,
Jany sagat bolsun bolmasyn maly,
Ýöne mert durup etmeli zady,
500 million galyñ berjek oglan gözlenýär!!!

Döwran ýazar gelen ençe haýyştdan,
Haýyşt geldi Jeren, Jemal, Näzikden,
Şirindir, Bahardyr, Alma, Uzukdan,
40gijeläp toý berjek oglan gözlenýär!!!
3
79
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
Oglanmy özi şo?))
perizadym
7 Iýul 2022
😂😂😂😂😂😂😂...arzuwa aýyp ýok..
Relax
7 Iýul 2022
Arzuw etmegem bir govy zat ediveriñ şoñ uçin ...
Nuresenowa
7 Iýul 2022
😂😂😂onyaly gozlap oturjak bolsan garrap gidaymeseñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.