Ependi biraz wagt obasyna ymam bolupdyr. Obadaşlaryndan bir kişi wepat
bolupdyr. Ependi onuň jynazasyna ymamlyk etmegi boýun almandyr. Adamlar:
– Näme üçin jynaza ymamlygy kabul etmeýärsiňiz? – diýip sorapdyrlar. Onda
Ependi:
– Meniň ymam bolmagymy öliniň özi halamaýar. Sebäbi ikimiziň
duşmançylygymyz bardy. Öliniň özünden soraň, eger kabul etse, ymam bolaryn –
diýipdir.