ylham_gurbanaly
07.07.2022 01:09
Hakyky söýgi diýeniň pynhan bolsun. "Men watany söýýän", "men watanymyň merdi, şoň üçinem söýýän" , "mertler watany söýýär" diýe diýe zol zol köçä çykyp gygyrmagyň gerekçiligi ýok hiç haçanam. Watan seniň "dile alnan" söýgiňe hiç haçan zar däldir, zar bolmazam!!!

Ýene bir zat "Mert watanyny söýýär", ýöne Mertlere "sessiz söýmek" mahsusdyr!!!
14
143
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤, "Çyn söýgi dälmi eliňe galam tutduran?" Bagyşlaň welin men ýalan söýgi gürrüň açdymmy? Geçmiş hakda söz açylanok! Gürrüň 21-nji asyr hakda gidip dur. Geçmişi orta sokmagyň gerekçiligi ýok bu ýerde, olar ýaly Watanyny üçin göreşen az-az häzir. Hemem geçmişde türkmen bitewi bolmadyk. Bitewi diýsem ýurt hakda aýtdym. (Bolmasa häzirem bitewi däl) o hakda aýtsaň aýdyp otyrbermeli. Hemme zady orden çözýämi? Heý , häzirki ýazylyp duran watan hakdaky goşgulardan adamyň kalby heýjana gelýämi!? Gaýtam şo goşgulary göreniň 10 adamdan 10sam " uff, ýenede "leji" çykan goşgymaý," diýip okaman geçýär... Gowsy men artykmaç gürlemäýin, sizem gürletmäň...!

GoLd, birde ýazylar ikide ýazlar, bar 3 bolsun. Garşy garşy "hurşsuz" sözler bilen ýazmak bolarmy , heý-de !?
❤GÜLHANYYM❤
7 Iýul 2022
["Ýene bir zat "Mert watany söýýär",ýöne Mertlere"sessiz söýmek"mahsusdyr"]-Çyn söýgi dälmi eliñe galam tutdyran?Ynsan duýgularynda-da watançylykda-da.Indi geçmişimizdäki beýik edebiýatçylaryñ,beýik şahsiýetleriñ dyñzap kagyza geçen söýgileri puçmy?Hàzirki wagtda-da kän iñ köp Watan hakynda ýazýan Gözel Şagulyýewa-da orden alan..Daşary ýurtlarda-da ençeme....."Watana bolan söýgüsi üçin"
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
ŞirnazarTaganow, 95% ? Näme iş? Näme alada? Kim seni alada etsin? Öz göwnüňi özüň hoşlap, özüňçe samrap ýörsüňmi? Saňa entek zat diýen barmyka? (Gaty görme teswiriň başy güdürtdi))

SAHYRLARWEMEN, Ýüregim bola👍👏👏👏

Atajan_01,Zümerret🌺, 👍👏👏
ŞirnazarTaganow
7 Iýul 2022
Ýurduñ 95%-ýaş şahyrlaryna alada bolýan,Şirnazara edibileniñizi ediñ ýöne Pyragy bilen Seýdiniñ ýyllar,asyrlar dowamynda,dünýäniñ çar künjegine"Watançylyk,dogrulyk,mertlik"-diýip ýañlandyran beýikleriñ adyna şek ýetirmäñ!"Pyragy,watan diýp gan döker gözüm Baky garap durmuş hijrana ýüzüm Byradarlar,kanda galdym bir özüm? Meni bu dünýeden ötürmez hijran(manysy bu ýolda ýeke galandygyny aýdýar),"Watan üçin çykdym gyr at üstüne Tä janym çykynça dönmenem begler Dikdir serim düşmen duşman astyna Sil deý aksa gandan ganmanam begler!"(beýik Watançylyk ruhundaky mertligi aýan eden)"Mert ýigit adyny alaýyn diýseñ Zalyma dert ejizlere söýenç bol Ebedi bu atda galaýyn diýseñ Ýamanlyk köklerin ýer ýüzünden ýol"(dogrulyk çykalgasy)😟
sahyrlar_we_men
7 Iýul 2022
YGurbanaly23, G.Ezizowyn "söyme watanyñy gursagña urup, enäni söysüñ dek söyüber onam"- diyen setirleri yadyma düsdi...👍🏻
Atajan_01
7 Iýul 2022
Soygu hemisede bardyr yone ona oyunjak etdiler hazirki wagtda soyguni. Malades Ylham dos soz yok 👊
Relax
7 Iýul 2022
YGurbanaly23,herkim herhilidä içi-içine sygmaýanam bar olarada dogry düşünmeli...:)
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2022
Alfons, hawa içinden söýýän köp. Oňa şek-şübhäm ýok. Bolmalysy-da şeýle bolmaly.. ýöne käbirleri bulaşdyrýarlar...
Gussam
7 Iýul 2022
YGurbanaly23, kapyýa söz tapmany şeýdýäler öýdýän :).
Relax
7 Iýul 2022
YGurbanaly23,aý tagam häzir köp %dy içinden söýändirle....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.