Aysona1997
06.07.2022 23:45
Sowasypdyr gyzgyn mähir ýüzlerden,
Herne çyn ýürekden gülýän azaldy,
Hemaýat agtaryp özge ýerlerden,
Yagşynyñ gadyryn bilýän azaldy.


Parhy näme algynnymy ýa petir,
Saçagyñda dursa bereket get:ir,
Şahyr-a kän, emma welin dört setir,
Manysyn añşyryp düzýän azaldy.


Käbir ynsanlara agyrýar nebsim,
Ynsan Alladan soñ enä baş egsin,
Herýana çarpynyp atygsan nebsin,
Ynsap eleginde süzýän azaldy.


Dilleri on sere, burny ker sere,
Bilsen ekin bitmez, ekseñ şor ýere,
Toba etmän, arzyň ýeter kimlere,
,,Şuña şükür" diýip gezýän azaldy.


Yaýna şahyr, geçer gider üç mysgal,
Bilýän ahyr, ömür gysga, gün gysga,
Şunça ýazanlaryň bolmady ryswa,
Şükür aýagyñdan ilýän azaldy...


Awtory: Baýram Bejidow
16
47
USA
31 Iýul 2022
Aysonam nirde sn
Feya_08
17 Iýul 2022
👍👍👍........
kyyas2017
7 Iýul 2022
👍❤👍👍👍👍👍
perizadym
7 Iýul 2022
Hemaýat agtaryp özge ýerlerden , ýagşynyñ gadryn bilýän azaldy👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.