Medeniýetli halk ajy hakykata ynanýar, emma süýli ýalana özüni aldatmaýar.
Ýurdunyň kemçiligini görmän, diňe ustünligini görýän, ýurdunyň çökder kemçiligine gynanman, diňe maýdaja üstünligine guwanýan adam Watanyny söýmän, diňe özüni söýýändir.
Mert bolsaň, ölmek aňsat, ýaşamak kyn. Namart bolsaň, ýaşamak aňsat, ölmek kyn.
*
Watan, söýýändigiňi galmagal bilen ynandyrar ýaly, wagşy däl. Ol “Söýýän!” diýip ýalan sözläniňde ynanaýýan kem akyl zenanam däl. Watan sessiz-üýnsiz, diňe ýürek duýgusy minnetsiz, tölegsiz bagyş edilmeli inçe hem näzik gözellikdir. Şol gözelligi, şol näzikligi duýýan adam dilinde Watanyny öwübem bilmez, Watanyny ýürekden ýigrenibem, ondan öýkeläbem bilmez.
*****
Iliňe peýdasyzdygyňa düşünmegem iliňe peýda getirmekdir...
Atajan Tagan